ylham_gurbanaly
18.11.2023 23:52

Gidenimden soň güneşli şäherimem sowapdyr.  Şäherem öz söýeninden jyda düşäýdimikä? Adamlaryň biri-birege aýdýan mähirli sözleri azalyp, sowuk sözler has-da köpeläýdimikä? Ýaryndan aýrylýanlar artýarmyka? Güýz ahyrlap barýar welin, adamlaryňam söýgüsi, mähirleri, ýyly sözleri ýaprak deýin gaçaýýarmyka?  Belki-de bütin sowuklygy özünde jemläp, saklap ýören mendirin... Ýa-da maňa meňzeşlerdir...

Öňem bir ýazyjynyň aýdyşy ýaly "Öýde ot ýanýar, diýseň hezil, ýöne bu howada üşeýän bardyr..."

Üşeýän kändir, ýöne olaryň üşemeginiň hersiniň öz sebäpleri bardyr. Käsi daşyndan üşeýän bolsa, käsi-de içden üşeýändir. Howplysy bolsa içden üşemekdir, kalbyň doňmagydyr. Peji "gujaklap" ýatanyň peýdasy barmy, kalbyň doňaklygyny eretmejek bolsa.  Käte adamlaryň bolşuna-da haýran galýarsyň. Ýekeje stakan kofeniň berýän ýylylygyny hem berip başarmaýanlar bar. Bir-birekden hoş sözlerini-de gysganýarlar. Hamala hoş söz aýtmak üçinem uly bir sebäp gerek ýaly. Kalplaryndaky güneşi çykarman, gara bulutlary üýşürip ýörler. Ýüzlerden ýylgyryşlaryn-da bukup saklaýarlar. Kiçijek zatlardanam şatlyk döredip başarmaýarlar.


Nähili howa bolanda-da sowuklygy köpeltmäliň. Doňmalyň, ýürekleri doňdurmalyň. Özümiz üşeýäs diýip, başgalary-da üşetmäliň!



Ylham GURBANALYÝEW

18.11.2023

09:30

27
93
Abat_
19 Noýabr 2023
Üşemek bar bolsa bu ýylylygyň ýoklugydyr, garaňkylyk bar bolsa bu ýagtylygyň ýoklugydyr. Eger her ýer garaňkylyk we sen üşeýän bolsaň bu "Onuň" ýoklugydyr. Aziz Nesin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.