Söýgi näme!? diýen soraga biz köp gabat gelýas we hekimem başardygyndan söýgüniň nämeligini düşundirjek bolup öz düşünişini, öz pikirini aýdyp geçýär, ýöne barybir ol söýgi baradaky pikirler bizi kanagatlandyrmaýar, 😐 söýgä düşünmek kyn, şahyr Kerim agada bir goşgysynda söýgi barada öz pikirini aýdyp geçýär onda şeýle sözler bar...
Söýgiň nämedigni bilýän adam ýok.
Ýöne men şonda-da bir zada belet:
Söýmek üçin söýülmegiň gerekdir,
Söýülmegiň üçin söýmegiň gerek.
Kyn daldir «Söýýärin, söýýärin!» diýmek.
Söýdürmegi weli başarmaz her är.
Hemme zatdan belent bolsa-da Söýmek,
Söýülmek belentdir Söýmege görä.
- Ab berekella halypa sagbol, seniň bu pikiriň dobba dogry, onda meniň başymdan geçýän bu harasat nämeka?! Ol ýanyňa gelende ony göremde nähili duýgulary başyňdan geçirýäniňi bir bilsediň, ony düşündirmek kyn, ol duýgyny şuwagt diňe men ýaly söýgüsini aýdyp bilmän, daşyndan guwanyp görenler düşünip biler.
- Ol meniň ýanyma telefonymda öz söýgülisi bilen gürleşmek üçin gelýär. 🙄 Şu günem geldi ýanyma...
👩 - Salam gowmy
👨- Hawa gowy, özüňem gowmy?!
👩 - Gowy, jaň etdimi?!
👨 - Hawa
👩 - Haçan?!
👨 - Düýn
👩 - Näme diýdi?!
👨 - Seni sorady, şuwagt ol ýok diýdim, "sroçna gerekdi gürleşdiräýdä tapyp beraýda" diýip otyra.
- Bu sözleri eşidip ol ýylgyrdy ))
👩 - Näme edýäň?!
👨 - internetden klip ýükläp otyryn
👩- Nähili klip?!
👨 - Morgenşteriniň - uff dengi, diýen aýdymy.
👩 - Hmm, diňleýän aýdymlaryňam özüň ýalak samsyk...))
👩 - Telefonyňy berip durjakmy 5 minut gürleşjek köp däl
👨 - Häzir berjek 2 minutjyk garaş şuny alaýyn indi, ýene 10 megebaýt gally
👩 - Bolýa, men oňa çenli tualete girip çykaýyn...
👨 - Bolýa
- Ol ýenede geldi
👩 - Nätdi, alyp bolduňmy
👨 - Ýok entäk ýene 6 megebaýt bar 😐 internet pes işleýär şuwagt, ýöne ai bolýa sen üçin togtadyp goýýas muny, me
- Ol begenip aldy, we söýgülisine jaň etdi...
👩 - Alo salam gowmyň
👨 - ....
👩 - Men Selbi
👨 - ....
👩 - Ha bolýa bor, bagyşlaň ýalňyş düşüpdirin.
- Diýdide, telefony öçürdi, men...
👨 - Hä näme boldy, ýalňyş aýlapdyrsyňmy?!
👩 - Ýoklaý bilýä menligimi, ýanynda gelni bar öýtýän, kim sen ýalňys düşdiňiz diýdi ...
👨- Hmm
👩 - Bolýa sagbol
👩 - Sagbol
- Ol gitdi...
Men onuň başga bir oglan bilen gürleşýänine gynanamok, oňa gaharam edemok, herkimem öz halaýan adamy bilen gürleşmäne söýüşmäne hakly, belki senem ony meniň seni söýüşimdek söýýänsiň, aýdýana bu söýä düşünmek kyn 😐 haý bolýada, men seni söýýän Selbi...