Öldi diý
Bir gün senden sorasalar men hakda,
Men bilemok,bir zatlara boldy diý.
Ýene gaýta-gaýta sorag berseler,
Meniň birje sözim üçin öldi diý.
Ol näme söz sorasalar ýene-de,
Ol durmuşdan geregini aldy diý.
Bir meň bilen bir ömri geçirmek,
Bar islegi bar arzuwy şoldy diý.
Ony däl-de arzuwlarmy saýladym,
Ol hakynda pikirlerim söndi diý.
Ýok-ýok gorkmaň ol entägem ýaşap ýör,
Diri halda arzuwlary öldi diý.