“Google Chrome” -yň täze dizaýny işe girizildi: Soňky 5 ýylda iň uly üýtgeşiklik!
Soňky aýlarda Google Chrome üçin yglan edilen “Material You” tendensiýasyndaky täze dizaýn, bütin dünýäde ulanyjylara hödürlenip başlandy. Täze dizaýn, programmanyň has döwrebap görünmegine ýardam edýär.
ABŞ-da ýerleşýän tehnologiýa ägirdi “Google” dünýäniň iň meşhur internet brauzeri “Chrome” üçin täze dizaýn taýýarlady. “Material you” atly dizaýn häzirki wagtda paýlanyş tapgyrynda we ulanyjylar bu interfeýsi ýakyn wagtda ulanyp başlarlar.
“Google Chrome” -yň täzelenen dizaýny sentýabr aýynda yglan edildi. Şeýle-de bolsa, täze dizaýn şol döwürde kiçi ulanyjy bazasyna hödürlenipdi. Indi bu ýagdaý üýtgedi. “Google Chrome” -yň täze interfeýsi indi ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Şeýlelik bilen, täze dizaýn ulanyjylara nähili täzelikler getirýär?
“Google Chrome” -yň täze dizaýny programmany has döwrebap gorkezer.
Google Chrome iň soňky gezek 2018-nji ýylda dizaýn täzelenmesini aldy we şol döwür üçin gaty döwrebap görünýärdi. Bir näçe ýylyň geçmegi bilen“Chrome” -yň umumy görnüşi köneldi. Muny bilip, kompaniýa has döwrebap brauzer döretmek üçin işledi. Iň soňky ýeten nokadymyzda, has tegelek burçly täze görnüş bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Gaty setirler indi Google Chrome-dan geçmez.
“Google Chrome” -yň täze dizaýnyna seredenimizde, hemme ýerde diýen ýaly üýtgeşiklik görýäris. Mysal üçin, geçmişden bilýän salgy setirimizdäki gulp nyşany indi ýok. Onuň ýerine funksional aýratynlyklary bolan täze düwme çalyşdy. Mundan başga-da, häzirki ýokardaky üç nokatly menýu başgaça görünýär.
Google Chrome” -yň täze dizaýny «şahsylaşdyrmaga» has köp üns berer. Bu kontekstde indi programma üpjünçiliginiň ýokarky çarçuwasyndan başlap, täze tab sahypasyndaky Google nyşanyna çenli islän reňk äheňiňizi islendik ýerde ulanyp bilersiňiz. Bu täzelik köne dizaýn sebäpli içgysgynç görünýän, we çäklendirilen mümkinçilikler sebäpli umytsyz ulanyjylaryň göwnünden turar.
Google Chrome-yň täze dizaýnynda boş nyşanlar ulanylyp başlandy. Şereket, nyşanlaryň görnükliligini ýokarlandyrmak üçin bu üýtgetmäni girizdi. Bellikler ýa-da başga wariantlar üçin ulanýan nyşanlarymyz indi başgaça görüner. Şeýle-de bolsa, saýlawlar bilen baglanyşykly nyşanlar ýokarky sag tarapdaky bölüminde görkeziler.
Google Chrome, internete girýänleriň hemmesiniň diýen ýaly ulanýan we gaty öwrenişen programmasy. Şeýle bolsa-da, Google programma üpjünçiliginiň umumy gurluşyna düýpgöter üýtgeşme girizmedik ýaly. Dizaýn üýtgese-de, niredediginiňizi tapmakda kynçylyk çekmersiňiz.
Habarlarymyzyň başynda belläp geçişimiz ýaly, bu täze dizaýn häzirki wagtda paýlanyş tapgyrynda. Şonuň üçin bu dizaýny eýýäm ulanyp başlap bilersiňiz ýa-da entek üýtgeşiklik görmedik bolmagyňyz mümkin. Köne dizaýny ulanýan bolsaňyz we täze dizaýna geçmek isleseňiz, Google Chrome-yň "Sazlamalar" bölümine giriň. Soňra "Chrome hakda" basyň. Täzelenme bar bolsa, bu täzelenmäni amala aşyryň.
Täze dizaýn gelen bolsa gerek.
çeşme : webtekno.com