Synagdan üstünlikli geçse-da Röwşeniň keýpi ýokdy. Ol synagda Azatça jogap berip bilmedi. Mugallymyň goşmaça beren soraglaryna-da Azadyň jogap gaýtaryşyny diýsene! Goja professor kanagatlanmak b/n başyny atdy oturdy. Röwşen Azat b/n bir otagda ýaşaýardy. Azat görmegeý ýigitdi. Azat örän owadan gyzyňam göwnüni awlamagy başardy. Edep-ekramly Mähri uniwersitetde höwes edilýän gyzlaň biridi. Biri-birine mynasyp bu iki juwana hemmeler guwanýardy. Otagdaş dostunyň gazanan üstünlikleri Röwşeni biparh goýanokdy. Röwşen buýsançly ýigitdi. Ol Azadyň özünden ökdeligi üçin däl-de özüniň Azatça bolup bilmeýänligi üçin örtenýärdi. Röwşen ähli güýjini okuwa tijedi. Giýje gündiz diýmän synaglara taýynlyk gördi. Emma Azat ýene ökde geldi. Keýpi bozuk Röwşen otaglaryna gelip susy pes oturdy. Röwşeniň boluşyny aşaklyk b/n synlaýan Azat dostunyň halyndan habar aldy. Röwşen keýpiň ýok-la? Röwşenden jogap bolmady. Azat dostuny ýene erkine goýmady. Röwşen näme üçin gyssanaňok? Otla giýjä galsaň, Täze ýyly öýüňizde garşylap bilmersiň.
-Men oba gitjek däl.
Howlukmaç ýol şaýyny tutan azadyň gözleri tegelendi.
-Ýeke galyp bu taýda näme işlemekçi?
-Geçilen sapaklary täzeden gaýtalajak
-Röwşen sen okuwa taýynlyk göreniňde kän güýç sarp etýäň. Elbetde bu gowy zat, ýöne arasynda dynjam almaly.
Emma Azadyň bu janykmasyna Röwşen parh etmedi. Onuň ýüzi açylanokdy.
- Täze ýylda görülýän görüşýänçäk sag bol dost! Azat şeý diýip çykyp gitdi...
Röwşen öýde ýeke özi oturasy gelmän köçä çykdy. Garalyp duran asmandan maýdaja gar sepeleýärdi. Töwrek çal dona bürenip başlapdyr. Gyşyň tämiz howasynda dem almak ýakymlydy. Dumly duşda baýramçylyk ruhy höküm sürýärdi. Ýol ýakalaryndaky arçalarda täze ýyl yşyklary öwşün atýardy. Röwşen henize çenli,Täze ýyly şäherde garşylap görmändi. Şonuň üçin ol töwregine bilesigelijilik b/n seredýärdi... Röwşeniň göwni nirädir bir ýere atygsaýardy...
Ýigit birden özi duýmazdan duralga tarapa ýöneldi. Röwşeniň münen ulagynda adam kändi. Emma oňaýsyzlyk duýulanokdy. Keýpiçag adamlaryň ýüz gözlerem gülüp durdy... Röwşenden ýapyşan ellerem gyt bolmady. Ýaşy bir çene baran, çal saçly aýal wagtyhoş degişdi.
-Hanym, bekje ýapyşaweri, eliň sydyrdygyň, biziň barymyz ýere ýazylarys. Garynyň aýdan bu sözlerine hemmeler gülüşdi. Röwşeniň çep tirseginden bir gyz emaý b/n tutup durdy. Gyz birsyhly ýylgyryp ýigidiň ýüzüne şadyýan garanjaklaýardy... Merkeziň golaýyndaky duralgada adamlaryň köpüsi düşürmen boldy. Ýigit ilki düşdi. Ol yzyndan gelýän gyzada kömek etmek üçin el uzadanyny duýman galdy. Gyz bir enaýy ýylgyryp mylaýym seslendi. Sag boluň!
Bu ýagdaý duýdansyz bolup geçdi. Minnetdar bolan gyz Röwşeniň öň ýanjagazyndan assa basyp barýardy. Emma ýigidiň oňa habar gatmaga bogny ysmady. Nepis bezelen Täze ýyl arçasynyň töwregi adamdan dolydy. Onuň golaýyna barar ýaly däldi... Köpçüligiň içinde hälki gyz ýene Röwşeniň gözüne kakylyşdy. Gyzam ýigidi gördi. Gyz göýä ozaldan tanyş ýaly ýylgyrdy. Arçanyň ýanyna baryp bolmazmyka? Şol ýerini görüp bilmesem gaty gynanjakda.
Synap göräýeliň- diýip, Röwşen ilkinji gezek jogap berdi. Ol gyzyň öňüne düşüp hümer bolup duran märekäniň arasndan arça tarap gyýalap ugrady. Arça barmak o diýen kynam düşmedi. Baş asmana diräp duran baýramçylyk arçasynyň töwregi çagadan doludy. Bu görünişi synlaýan gyzyň begenjiniň çägi ýokdy. Ol ýetişibildiginden töwregi surata alýardy.
-Bu suratlary görüp ejem hezil eder. Eden kömegiňz üçin sag boluň! Ýeke özüm bolsam arçasynyň ýanyna baryp bilmezdim. Täze ýyly ilkinji gezek şäherde garşylap görüşim. Ejem arçany görmän gaýytma diýensoň bu ýerde bu gün galmaly boldym.
-Meniňem Täze ýyl agşamynda şäherde ilkinji gezek boluşym. Ýöne göreniňe degýän ekeni. Töwrek nähili owadan! Röwşeniň aýdanlaryna gyz dolup daşdy. Röwşen nähili aýgyt edenini duýman galdy.
-Bagyşlaň eger garşy bolmasaňyz Bile gezelenç edäýeliň. Men ýeke özüm. Bu garaşylmadyk teklibe gyzyň gözleri tegelendi. Görýän welin siz batyrja ýigit bolmaly, Maňa henize çenli hiç kim beýle teklip edip bilmändi...
Gyzyň ady Güljan ekeni. Ol ykdysadyýet institutynyň ilkinji ýyl talyby bolup çykdy. Güljan obada önüp-ösüpdir. Gyz b/n söhbet etmek örän ýakymlydy. Ol örän bilesigelijidi. Ony hemme zat gyzyklandyrýady. Röwşen agranomçylykda okaýanlygyny bilensoň-a onuň soraglarynyň yzy üzülmedi...
Geň zat juwanlar örän tiz öwrenişdiler. Özlerini gyzyklandyrýan meseleler dogrusynda arkaýyn pikir alyşdylar. Ýaşlar seýilgähiň aňyrsyna ýetenini duýman galdylar...
Röwşen uýala gorka teklip etdi: Güljan çaýhana girip gyzgynjak kofe içsek nähili bolar?
Güljan şatlyk b/n ylalaşdy. Şola kem bolmazdy. Olaryň bagtyna boş orubam tapyldy. Gyzgynjak kofenin başynda söhbet hasam gyzdy. Röwşen gürrüňdeş gyzynyň elýetmez näzeninligine kemsiz göz ýetirdi. Beýle zyba göreliň özüne hemdem bolmagy diňe, Täze ýyl baýramynyň täsirinden gördi. Juwanlar çaýhanadan çykanlarynda garyň ýagmasy gürelen eken. Ýollary gar basansoň ulaglar haýaljyk ýöreýärdi. Güljan garamyk gözlerini tegeledi.
-Indi höwürtgäme nädip aşsamkan?! Röwşen sypaýyçylyk b/n teklip etdi. Howsala düşmäň Güljan pyýadalap haýdabermeli. Bu wagt bähili ajaýyp pursat! Isleseň menem ýoldaş bolaýyn.
Güljanyň ýaşaýan ýeri onçakly uzagam däl ekeni...
Ynha menä geläýdim. Ýöne sen näsip aşarkaň Röwşen? diýip, gyz alada etdi.
-Meni birjigem gaýgy etme Güljan umumy ýaşaýyş jaýymyza iki ädemde ýeterin.
- Güljan seniň bn eden söhbetim mende uly täsir döretdi. Belki bize ýene şeýle söhbet etmek miýesser eder. Eger mümkin bolsa telefon belgiňi bersene. Gyzyň mylaýym garaýan gözleri käse ýaly tegelendi. Onuň bu garaşylmadyk sözlere tolgunýany görünip durdy. Birbada ikirjiňlenip duran Güljan birden ýantorbasynda kagyzdyr galam çykardy-da telefon belgisini ýazyp Röwşeniň eline tutdurdy. Soňam çalyt jaýa girip gitdi...
Ýigidiň durmuşynda uly özgerişikler bolup geçdi onuň üçin eziz adam peýda boldy. Röwşeniň öňki etsem petsemleriniň bary üýtgedi. Ýigit geçilen sapaklaryny täzeden bişirmek hyýalyndan el çekip oba tarap ýola düşdi. Mähriban Mähribanlarynyň ýanyna howludy. Gyş rugsady tamamlanansoň ýene şähere gyssandy. Röwşen indi öňki Röwşen däldi. Ol aýnanyň öňünden aýrylanokdy. Ýigit Güljan bn boljak duşuşyga taýynlanýardy. Taýynlyk ahyrsoňy tamamlananda, tolgunma bn Güljana jaň etmekçi boldy. Emma onuň beren telefon belgisini tapmady....
𝑫𝒐𝒘𝒂𝒎𝒚 𝒃𝒂𝒓
awtory: Täçmyrat Repbimow