jeena
17.11.2023 07:54

Gadym zamanlarda bir gayduwsyz, batyr söweşjen esger ýigit bolupdyr. Onuñ ÿeke özi 40 duşmany ÿere çalÿan eken. Özem beyleki esgerler ÿaly sowutly, galkanly söweşe girmeÿämiş. Gylyjy alyp ÿöräberÿämiş. Günlerde bir gün şol ÿurda duşman çozup, uruş turupdyr. Watan goragyna esgerler yygnalyp, söweşe taÿÿarlanyp durkalar, hälki batyr esgerem gelipdir. Ol sowutly, galkanly mäkäm goranylan, goşa gylyçly. Hayran galyp seredip duran esgerlerin biri sorapdyr : Sen şuwagta çen hiçhaçan sowut geymandiñ, indi näme boldu-da beyle guşandyñ? Şonda ol: "Öñler meni gorajak ene-atamyñ doga-dilegleri bardy, şolaryñ dilegleri meni goraÿady, maña sowudyñ, galkanyñ geregi ÿokdy. İndi bolsa men üçin dileg etjek enem-atam ÿok. Şonuñ üçinem berk guşandym" diÿipdir.

12
15
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.