ʏ̈ᴇɴ̃ɪš (ᴛʏᴍsᴀʟ)
Gadym wagtlarda ýaş ýetginjekleriň arasynda iň beýik dagyň çürbaşyna çykmak boýunça ýaryş gurnalýar. Dag şeýle bir beýik eken welin, orta bilinden aňyrsyny bulutlar büräpdir. Ýaryş başlanandan ýetginjekler daga dyrmaşmaga başlaýarlar. Aşakdan dagyň beýikligine haýran bolup duran adamlaryň hersi bir zat diýip gygyrýar. «Bu belentlige çykmak mümkin däl», «Hiç kim oňa çykyp bilmez», «Hemmesi orta ýoldan yzyna dolanar»...
Şeýle hem bolýar. Daga dyrmaşyp barýanlar bir-birden yzyna dolanyp başlaýarlar. Edil şol wagt aşakda
duranlaryň biri: «Oňa serediň!» diýip, batly gygyrýar. Görseler, bir ýetginjek henizem daga dyrmaşyp barýardy. Hemmeler sabyrsyzlyk bilen onuň yzyna dolanaryna garaşýarlar. Ýaryşyň şertine görä, ol dagyň çür depesinde bitýän owadan güllerden ýygyp gelmelidi.
Ep-esli wagtdan soň, ýetginjegiň garasy görnüp başlaýar. Adamlar: «Gelýär-de gelýär» diýşip, gygyryşmaga başlaýar. Ýetginjek owadan güllerden boglan çemeni eminlere gowşurypdyr. Ondan bäsleşigiň ýeňijisi bolandygy üçin näme isleginiň bardygyny soraýarlar. Emma
ol sesini çykarman duran eken. Görüp otursalar, oglanyň gulagy eșitmeýän eken. Adamlar şondan soň hälki
aýdylan sözleriň ýaryşyjylara nähili täsir edendigine düşünip galýarlar.