Umytda boluber. (Gülküli kyssa)
Bir gün tanymal ýazyjy nähoşlady.
Ony eşiden ýaş galamdaşlarynyň biri görmäge geldi. Nähoşlan ýazyjy ýaş
galamdaşynyň gelenine hoş bolup, birneme dikeldi. Tirsegine galyp oturdy.
Olar çaý başynda döredijilik, durmus
barada kän gürrüň etdiler. Gürrüňçiligiň arasynda ýaş ýazyjy halypa ýazyjynyň göwni üçinmi ýa-da çynymy, garaz, onuň döredijiligi barada uly göwrümli makala ýazmagy hyýal edenini ýaňzytdy. Ençe wagt bäri eser döredip, şolar bilen il-halkyň hormatyna mynasyp bolanam bolsa, özi hakda yazylan makalany bir gezegem okap görmedik ýazyjynyň ýaş galamdaşynyň sözlerine has-da göwni galkdy. Onuň ýazjak zatlaryny okap görmek höwesi döredi. Şol günden soň ýaş ýazyjynyň tanymal ýazyjynyň ýanyna birki ýola gatnap, özüne gerek maglumatlaryny belleşdirip gitmegi onuň
höwesini has-da artdyrdy.
Hassa ýatan ýazyjy özi hakda oňat makalanyň ýazylaryna umytda bolup, her günki gazetleri gözden geçirip başlady. Ol näçe garaşsa-da, gazet žurnalda özi hakda ýazylan makala gözi düşübermedi. Onda-da arzuw, umyt bir gowy zat, makalanyň ahyrda ýazylaryna ynam bilen garaşdy.
Aradan iki aýdan gowrak wagt geçensoň, ýaş ýazyjy jaň edip, makalany ýazyp ýörendigini habar berdi. Bu habar halypa ýazyjynyň goltugyndan gop berlen ýaly etdi. Ýüzi nurlandy.Bedenine güýç-gurbat gelen ýaly boldy. Umydy has berkedi. Makalanyň ýazylyp gutarylmagyna garaşdy.
Aradan ýene-de dört aý töweregi wagt geçdi. Ýaş yazyjy jaň edip, makalanyň başky ýazylanyna göwni ýetmän, düýbünden başgaça edip
başlandygyny aýtdy.
Özem onuň örän üýtgeşik makala boljagyna ynandyrdy. Şondan soň
özi hakda ýazyljak üýtgeşik makalany
okamaga bolan umydy halypa ýazyja
şeyle bir güýç berdi welin, düşeginden
galanyny özem bilmän galdy. Onuň
işdäsi açylyp, süňňi ýenledi-de, bir günem aýak üstüne galyp ötägitdi, Ony ýolda-yzda görenler bir ýyla golaý düşekde ýatan hassadyram öytmediler.
Ýüz-gözi gülüp duran, süňňi sagat ýaşulynyň aýak urşy dagy ýaş ýigitlere
gaýra dur diýdirýär.
Ana, şol günleriň birinde ýas galamdaşyndan habar almak üçin jaň
edende, onuň ýarawsyz batandygyny eşitdi. Halypa ýaş galamdaşynyň
öýüne bardy. Görse, ol ýorgan-düşekli ýatan eken. Halypa onuň düşen yagdaýyna gynandy. Ýaş yazyjy bolsa
halypa yazyjynyň daýanykly syratyny
görüp haýran galdy.
- Halypa, tüweleme, aýak üstüne
galaýypsyň, ýüz-gözüñem durlanypdyr. Lukmanlaryň güýçli eken-ow.
-Hawa, aýak üstüne galdym. Lukmanlaryň eminiň täsiri bolsa-da bardyr welin, ýöne meni seniň şol yazýan
makalaňy okap görmek umydy ayak üstüne galdyrdy. Şol makalany çalt
ýazyp, çap etdirmedigiňe sag bol. Ony okamak umydym şeýle uzaga çekmedik bolsa, bu wagta çenli maña näme boljagy belli däl eken. Menem seniň ýagşylygyňa ýagşylyk gaýtarmasam bolmaz. Şu günden başlap menem seniň döredijiligiň hakda makala ýazyp başlajak. Meniň elimiň çaltlygy seniňkiden tapawutly däl. Şonuň üçin umytda bol-da, garaşyber. Ahyrda, wagty gelende makalany tamamlaryn-diýip, halypa ýazyjy hoşlaşyp çykyp gitdi.
Nurberdi DÄDEBAÝEW.