Obadaşymyň getiren habary meni ynjalykdan gaçyrypdy. Ejem maňa wagt tapyp, öýe gelip gitmegimi sargap goýberipdir. Ýüregime howsala aralaşdy. Mugallymdan rugsat aldym-da şol günki otla mündüm. Öýe ýetmäge howlukdym. "Eýgilikdir-dä her-nä" diýen pikir ynjalyk berenokdy. Òýe gelemde ejem mellekde eken. Gujaklaşyp görüşdik. Howlugyp näme zerurlygyň çykandygyny soradym. "Öýe giriber dem-dynjyňy al, üýtgeşik bolan zat ýok-la" diýen ejem çaý-naharyň ugruna çykdy. Otursamam oturdym welin "Onda näme meni ýöriteläp okuwymdan galdyryp çagyryp ýör-kä" diýen pikir rahatlyk berenokdy. Çaý başynda ejem: " Beg kakaň ýaramajak bolýar. Öňräkden bäri hassahanada ýatyrdy. Birki günlükde öýe getirdiler. Dugtorlar "Çärämiz ýok ýakynlaryny çagyryberiň" diýipdir. Onsoň menem saňa habar iberäýdim gyzym. Aý ol bendäň bir garyndaşam gatnaşýanam ýok-da. Seni üýtgeşik gowy görensoň sorap gideniňi kem görmedim-dä. Monça bolar görgüli" diýip, bu çakylygyň sebäbini aýtdym.
Beg kakamlara baranymyzda bizi Akgül gelnejem garşlady. Beg kakam ýatan eken. Ýuwaşjadan "Beg kaka" diýdim. Eşitmedik bolarly hiç hereket bolmady. Sesimi çala gataldyp:" Beg kaka ýagşy bolýaňyzmy?" diýdim. Ol çalaja gözüni açdy. Biraz wagtlap gözüni gyrpman maňa seredip ýatdy. Onuň bolşy maňa bir zat aýdarly görünýärdi. Ahyry çalaja pyşyrdy eşidildi:" Mahym..." Şonsan soň ondan ses-üýn çykmady. Diňe gözlerini balkyldatdy ýatdy.
Öýe dolanyp gelýärkäk ejem:
-Çagajyklaryny göresi gelip olaryň zaryny çekýär-de biçäre -diýdi. Men onuň iki gyzynyň bardygy barada öňem ejemden eşidipdim. Ýöne başdaş aýalynyň näme sebäpden onuň bilen aýrylyşyp gyzlaryny gatnaşdyrman ýörendiginiň sebäbini welin bilmeýärdim. Dogrusy munuň bilen gyzyklanybam duramokdym. Bu gezek welin bu barada soraman saklanyp bilmedim.
-Wah gyzym. Bibi erbet gelin däldi-le. Aýal görgüli öý-ojagyny aman saklajak bolup ber-başagaýdyr-la. Sähel-mähel zat üçin höwürtgesini çaşyraýmaz. Ýöne oňa Begmyrat öte azar berdi. Öňem-ä bir ýarym däli welin üstesine-de zährimaram gaty köp içerdi. Mydama öýüni gyran-jyrana salar ýörerdi. Wah sähel-mähel urga-da çydardy-la görgüli ýer ýalydy sesi çykmazdy. Begmyrat onuň goşlaryny zyňyp çagajyklary bilen daşaryk çykarybam goýbererdi. Sowukda digdirär durardy. Dözmän baryp höre-köşeläp olary öýe alyp gaýdardym. Ertesi adam ýalydyr welin içse ýene şol öňki günüdir. Bir iki bolmady. Ahyry Bibiniňem etinden ötüp süňňüne ornandyr-da atasy öýüne ýygnanaýdy. Şeýdip gül ýaly maşgala dargady. Bibi gidende uly gyzy Mahym üç ýaşyndady ikiňiziň araňyz ýedi gündür. Kiçi gyzy Gunçajyk bolsa kyrk günlüjek bäbekdi. Soň-a düzelip adamam boldy welin her bir zadyň soragy bardyrda elbetde...çaganyň dyrnagyna zar boldyda...
Ejemiň bu gürrüňinden soň Beg kakamly ýatlamalar serimde aýlandy durdy. Oňa obada "Däli " diýýärdiler.Emma men onuň bir gezek hem däliränini görmändim. Ol meniň bilen hemişe mähirli gürleşerdi. Baglaryndan üzümdir alma ýygyp getirip bererdi. Köplenç agşamlaryna"Akgül gelnejeň ikimiziň ýüregimiz gysýar men seň üçin gowy süýjem getirdim" diýip meni öýlerine äkiderdi. Maňa öý işlerimi etmäge kömekleşerdi. Onuň ak ýüzli sary saçly aýaly bardy. Ol türkmençe çalgyrt gürleýärdi. Onuň hakyky adynam bilemzokdyk oňa Akgül gelneje diýip ýüzlenýärdik.
Geçen ýyl okuwdan dynç günleri öýe gelenimde öýde bedreler taňkyrap durdy. Geňirgenip gelnejemden munuň sebäbini soradym. Gelnejem käýinip başlady:
-Wah seň ol Beg kakaň däliligi tutupdyr. Hiç kimi guýynyň golaýyna eltenoga. Eline çarşak alypdyrda suwa barany kowalap ýör.
-Bäh menem kowaýarmyka?-diýdim-de elime bedreleri alyp guýa tarap ugradym. Guýy Beg kakamlaryň howlusynyň daşynda girelgäniň golaýynda ýerleşýärdi. Gelnejem:" Gitme a gyz şol däli senem sylap goýasy ýok" diýip yzymdan gygyryp galdy. Men ýaňy guýudan suw çekip başlanymda Akgül gelnejem geldi. Ol:
-Be-ýek (Ol Beg kakamyň adyny şeýle tutýardy) Dünýä kyzyn kelipdir-diýip howlynyň içine seredip gygyrdy. Beg kakam howlynyň içinde oturan ýerinden maňa:
-Aý gyzym bedreleriňi al-da bärik gel-diýip gygyrdy. Dogrusy ýüregimde çalarak gorky döredi. Şondada dogumlysyran bolup howla girdim. Ol dälä meňzänokdy. Meniň hal-ýagdaýymy okuwymy soraşdyrdy. Soňra bedrämiň birini aldy-da kümä tarap gitdi. Ýygylyp goýlan almadyr nardan bedräni dolduryp getirdide Suw almak üçin soň geläý diýdi. Sagbollaşyp çykmakçy bolanymda yzymdan ejem geldi. Bärik gaýdanymy eşidip ynjalmandyr. Saglyk-amanlyk soraşdy. Beg kakam ejemiň sözlerini eşitmeýän ýaly bolup durdy. Birdenem " Gelneje Mahymam ulygyz bolandyr" diýdi. " Iki aýakly iki günde" diýleni-dä goňşy. Seniň gyzyň eýýäm durmuşa çykan bolaýmagam mümkin" diýip ejem jogap berdi. Men şonda Beg kakamyň meniň keşbimde öz gyzy Mahymy görýändigini aňypdym.
Beg kakamly wakalary ýatladygymça oňa nebsim agyryp ýüregim gyýylýardy. Onuň gözlerinde Mahymy Gunçany getiräý diýen many bar ýaly bolup duýuldy. Men onuň gyzlaryny hökman tapmaly soňky deminde bir çagajyklarynyň ýüzüne ýüzi düşmeli diýen netijä geldim. Ejeme öz pikirimi aýtdym. Ejem olaryň ýaşaýan ýerini bilýän eken. Olar ilerki obadaky Miwe daýzamlaryň golaýynda ýaşaýan ekenler. Ýigrimi ýyl mundan ozal giden gelniň yzyndan barsaň halanmajagy görnüp durdy. Ejem gaty ýaýdandy. Halys özelenip duramsoň ahyry bile gitmäge göwnedi.
Bibi gelneje ejemi görenden tanady. Habarymyzy halamadygam bolsa bize gaty-gaýrym hiç zat diýmedi. "Wah ol günleri ýaňy ýaňy ýadymdan çykardym. Beren yzalary tenimden çyksada ýüregimden çykanok. Indi maňa ol öýe bar diýmäň. Gaty görmäň men siziň bilen gidip biljek däl" diýip sypaýyçylyk bilen Mahymy ugratmagyny haýyş etdim. Ol:
-Gyzlarymyň ikisem durmuşa çykdy. Mahym şu obada gaýraky köçede ýaşaýar. Anna miraplar diýseňiz öýlerini görkezerler. Gunçamy Baýramala çykardym. Olaram tapmak kyn däl. Bazaryň ilersindäki gök howludyr. Omar ussalar diýseň tanamaýan ýokdur. Özlerinden sorap görüň göwneseler gidibersinler-diýdi.
Biz ilki Mahymlara bardyk. Ol uzyn boýly garagözelek owadan gelin eken. Onuň gözleri Beg kakamyňka meňzeşdi. Lapykeç halda yza dolandyk. Ýolda ejemi Gunçalara gitmäge zordan yrdym. Howludan giremizde bizi agaçdan bir zat ýasap duran ýaşuly adam garşy aldy. Ol örän parasatly adam eken.Habarymyzy eşidenden derrew ýol şaýyny tutup başlady. Gunçanyň ikirjiňlenip duranyny görüp:
-Beýle habar bilen şol ýerlerden gelen adamlary boş goýberip bolmaz gelin. Her zeýilli bolsada ol seniň kakaň syrkawyň soňky haýyşy bitirilse ýagşy. Göresi gelýän bolsa gideli çagam. Goý onuň göwni ynjalsyn-diýdi. Gunçanyň gaýynenesi onuň agyraýakdygyny ýatlatdy. Şeýlede bolsa Omar aga gelnini alyp biziň bilen gaýtdy.
Beg kakam biziň öýe girenimizi aňmady. Ol meniň sesime çalaja gözüni açdy. Men:"Beg kaka Gunça geldi" diýdim. Ol dodaklaryny gymyldatdy. Näme diýenini welin aňşyryp bolmady. Kellesini galdyrjak boldy emma oňa rowgaty ýetmedi. Gunça:"Kaka..." diýip hamsykdy. Beg kakam gözüni açyp biraz wagt oňa seredip ýatdy. Soňra "Gunçam!" diýdide gözlerini ýumdy. Şonsan soň ol gözüni açmady