Gùnlerde bir gùn Edison okuwdan gaýrmazdan öñ synp ýolbaşçysy onuñ ejesine hat ýazyp berýär we haty ýolda açmazlygy hem-de hiç kime okatmazlygy tabşyrýar. Edison harplary tanamaýandygy sebäpli, ony dessine ejesine getirip berýär we içinde näme ýazlandygyny bilmek üçin ejesine okap bermegi haýyş edýär. Ejesi bu haty açýar hem-de şu sözleri okap berýär:
" Gadyrly Nensi Eliot, siziñ oglyñyzyñ tebigy taýdan zehininiñ barlygy sebäpli we deñ-duşlaryndan tapawutly, ökdeligi sebäpli, geljekde ony başga zehinliler mekdebinde okatsañyz, hasda ýerlikli bolar diýip hasap edýärin".
Haty okap gutarmanka ejesiniñ gözünden ýaş dökülipdir we dessine ogluny gujaklapdyr. Edison ejesiniñ bu hereketine, mugallymyñ sözlerine geñ galypdyr. Edison mugallymyñ ýazan sözlerine begenip, göýä göge uçaýjak bolupdyr, ýöne öwrenişen synpdaşlaryndan aýrylmak ony gynandyrypdyr. Ertesi Edisonyñ ejesi ogluny mekdebe ibermän, özbaşdak okadyp başlapdyr. Edison goşmaça kitaplary almak üçin kitaphanalara barypdyr.
Wagtyñ geçmegi bilen, Edison birnäçe ylmy açyşlaryñ eýesi boldy. Muña mysal edip, nakally gyzdyrylýan elektirik lampany, kinetoskopy, fonogrofy, telefonyñ kükürt membranasyny, ilkinji telefonda "alo" diýen sözi we başgada birnäçe gurluşlary aýtmak bolar. Oña bu işleri üçin täze ýaşaýyş jaýyny hem berilýär. Edison öñki ýaşaýan jaýyndan täze öýine goşlaryny geçirende, kitaplaryñ birinden bir hat ýere gaçýar. Kitap ejesiniñ iñ gowy görýän kitabydy. Uzak wagtlap durup saralan hat dessine Edisonyñ ýadyna düşdi. Bu hat onuñ 1-nji synp ýolbaşçysynyñ ýazan hatydy. Edison:"Bu haty indi men hem okap göreýin" diýýär. Haty açyp okaýar. Bu hatda Edisonyñ biliminiñ ýoklugy we mekdebiñ abraýyny gaçyrýanlygy üçin, ony mekdebe getirmezligi ejesine haýyş edip ýazylan eken. Şol pursatda ol özüniñ ähli açyşlary, üstünlikleri we uly abraýy üçin ejesine borçludygyny duýýar we gündeliginiñ soñky sahypasyna şulary ýazýar:"Tomas Alwa Edison sowatsyz çagady. Edermen ejesiniñ kömegi bilen öz döwriniñ iñ belli alymyna öwrüldi". Bu hatyñ asyl nusgasy ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştatynyñ Menlo Park şäherindäki Edison adyndaky muzeýde saklanýar.