sᴀᴘᴀᴋ. (ɪɴ̃ʟɪs ᴛʏᴍsᴀʟʏ)
Uçar menzilinde oturan gyzyň bolşy nirädir bir ýere howlugýana meñzeýārdi. Munuň özi ýöne ýerden däldi. Onuň uçmaly wagty eslije soňa süýşürilipdi. Ol biraz oturansoň, turup gitdi-de, wagt geçirmek üçin kitap, iýer ýaly bir gap köke satyn alyp geldi. Soňam öňküje ýerine geçip oturdy. Kitabyny çykardy-da, goştorbasyny gapdaldaky boş oturgyçda
goýdy. Ol goştorbasynyň yanynda goýan kökesinden iýip, kitap okap başlady. Şol wagt boş durandan aňyrky oturgyçda žurnal okap oturan ýaş ýigidem onuň kökeli gabyna elini uzadyp, birini alyp, agzyna atdy. Gyzyň muňa gahary gelse-de, sesini çykarman, kitap okamagyny dowam etdirdi. Her gezek köke alanda, gapdaldaky ýigidem birini alyp, agzyna atýandygyna gyzyň gahary ýetjek derejesine ýetdi. Ýöne köpçülikde
goh turuzmazlyk üçin sesini çykarmady.
Gapda ekeje köke galanda gyz öz ýanyndan: «lndi bu gödek kişi näme ederkä?» diýip pikir etdi. Göýä onuň pikirini okaýan ýaly, ýaş ýigit kökäni aldy-da, ikä bolüp, gabagyny-da galdyrman oturyşyna, ýarysyny gyza uzatdy. Şondan artyk çydap oturyp bilmedik gyz goşlarvny aldy-da, ol ýerden
daşlaşmak bilen boldy. Biraz soň uçara münüp, bir zat almak üçin goştorbasyny açanda, gaby açylmadyk kökä gözi
düşen gyz geň galmakdan ýaňa doňup galdy. Ol diňe şonda hälki kökäniň özüniňki däldigine göz ýetirdi. Şeýle gödek hasaplap, gapdalyndan tasanjyrap turup gaýdan ýaş ýigidiniň bolsa göwnüne zat getirmän, onuň bilen öz kökesini paýlaşandygy barada pikir edende, ol utanyp, ahmyr bilen başyny ýaýkady.
Bu waka ol gyza aňyrsyna göz ýetirmezden hiç kimden kine etmezligi öwretdi.