strawberry
15.11.2023 16:03

Şükür Allam


Şükür Allam senden özge zarym ýok,

Galan galsyn,gidenlere zorum ýok.

Aşym iýip,daş atanda arym ýok,

Şükür Allam şu günümden aýyrma.


Görüp bilýän giň jahanyň jemalyn,

Şükür sorap bilýän bimar ahwalyn.

Halallykdan sowulmasyn ykbalym,

Şükür Allam şu günümden aýyrma.


Az bolsa-da rysgym halal bolsa bes,

Ýoklap ojagyma dost-ýar gelse bes.

Şükür rahat alýan gursagma nepes,

Şükür Allam şu günümden aýyrma.


Bolmasa bolmasyn gapjygym galyň,

Şükür,öz ýerinde aýagym,elim.

Ajal gapym kakyp,gelýänçä ölüm,

Şükür Allam şu günümden aýyrma.

29
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.