Bio_girl👩‍🔬💫
14.11.2023 23:34

Çyn söýgi...


Ol gämi uludy, taryp ederden,

Obada bäs gelip biljek göwrümde.

Şondan-da ulurak söýgi döräpdi,

Amerika barýan gaýgyñ böwründe.



Gyz oglansyz asla oñup bilenok,

Ýigidem o ýarsyz edenok takat.

Aşyk magşuklara buýsanýan ýaly,

Titanik ýüzýärdi,deñizde rahat


Rahatlyk pozuldy,deşildi gämi,

Edilen arzuwlar sönüp başlady.

Ilki bagta,soñ ajala öwrülen,

Gämi köpler bilen çümüp başlady.


Ýigit halas etdi,

Gyzy,

Söýgüsin,Özüniñ kysmatyn düýpden unudyp.

Beýik Titanigi ýuwudan deñiz,

Başarmady çyn söýgini ýuwudyp


#Kerim Hallyew.

47
85
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.