0878
14.11.2023 20:38

Dünýäde niçe iş bardyr, ýamandyr,

biri oldur, ýersiz gahra joş gelse,

Aşyklara şol gun ahyrzamandyr,

ýardan yrak duşup ara daş gelse.


Dostuňy egleme, nepden galmasyn,

Duşmanyň saklama, syryň bilmesin,

açda algyn, bege bergiň bolmasyn,

iş müşgildir, aňlamaza duş gelse.


Zemin seni häli_häli ýutarmy,

Akyl bolan mundan bigam ýatarmy?

hiý bir masgaralyk mundan ötermi,

giden gury gitse gelen boş gelse


on gat öýuň bolsa, demir galadan,

ajal tapar emir1 bolsa Alladan.

Hakyky är ýüz döndermes beladan,

hak ryzasy bilen başa daş gelse.


Aryf men diýip, lap urarlar ýalandan,

bellisini aýdar sorsaň bilenden,

il gözlügin ýüz ýil takat kylandan,

ýagyşdyr bir, säher gözden ýaş gelse


Baýlara baglap sahawatyň gapysyn,

köpelder tamugynyň möýün, apysyn,

görüň bu eýýamyň pirin sopusyn,

dannamaýyn tykat otyr, aş gelse.


Magtymguly, söýle aklyň ýetinçä,

Tetärigiň gazan, bikär ýatynça,

Tamugdadyr, tä dünýäden ötinçâ,

Ýaman hatyn ýagyşý äre düş gelse.








Magtymguly Pyragy 🌹🌹🌹🌹

24
84
bellidal
14 Noýabr 2023
@0878, sagbol nesip bolsa
bellidal
14 Noýabr 2023
@0878, tuweleme derejan dowamly bolsun!
seneca
14 Noýabr 2023
@0878, Aýdym edip aýdypdy şuny, halk aýdym.
seneca
14 Noýabr 2023
Aman Kadyr ýadyma düşip gitdi.)
tm_girl
14 Noýabr 2023
Derejäñiz gutly bolsun yzy dowamly bolsun:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.