ᴘɪᴛᴇʀ ᴘᴇɴ
Çagalyk - ynsanyň iň gyzykly döwri.
Ýöne näme üçindir ähli çagalar basymrak ulalmagy arzuw edýärler. Emma dünýäde ýekeje çaga hiç haçan ulalmazlygy saýlap alypdyr. Gürrüñiň kim baradadygyny eýýäm aňan bolsaňyz gerek. Bu gezek sizi Piter Pen multfilmi baradaky gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrarys.
Multfilm Piter Pen atly 14-15 ýaşlaryndaky bir oglanjygyň öz kölegesini yzarlap, Londonda ýaşaýan Wendi atly gyzjagazyň öýlerine barmagyndan başlanýar. Oglanjygyň käbir üýtgeşik aýratynlyklary bar, mysal üçin, ol ganatsyz bolsa-da howada uçup bilýär ýa-da onuň kölegesi ondan aýrylyp bilýar, üstesine-de, ol hiç haçan ulalmaýar. Haçanda Wendi bilen tanyş bolanda, ol gyzjagazy hem-de onuň iki sany oglan jigisini öz ýaşaýan gizlin mekanyna gezelenje alyp gidýär. Piter Pen gyzjagazy hem-de onuň jigilerini ýanyndan goýberesi gelmeýär.
ol Wendini jadylap, ony hem özi
ýaly elmydama çagalyk döwründe
saklamak isleýär. Bular indeý taýpasynyň arasyna düşüp, Piter Peniň duşmany bolan kapitan Gaňyrçagyň duzagyndan gutulmak üçin birnäçe howply başdangeçirmelere sezewar bolýarlar. Emma hemme zat kiçijik jadyly Jaňjagaz atly gahrymanyň kömegi bilen şowly tamamlanýar. Multfilmiň ahyrynda bolsa Wendi hemişelik çagalygyna galasy gelmeýändigini aýdyp, Londona dolanyp
barýar. Netijede, ol ulalmagy saýlap alýar.
«Piter Pen» multfilimi ýazyjy Jeýms Metýus Barriniň adybir pýesasy esasynda surata düşürilipdir. Aýtmaklaryna görä, ýazyjy bu eseri 14 ýaşamagyna bir gün galanda bu dünýäni terk edip giden doganyna bagyşlap ýazypdyr. Şonuň üçin hem ol ejesiniň hem-de jigisiniň aňynda
14 ýaşap ýetişmedik oglanjyk hökmünde galypdyr.
Uolt Disneý çaga wagty bu pýesanyň teatrda sahnalaşdyrylmagyna tomaşa etmek üçin ähli ýygnanan puluny sarp edipdir. Mekdepdäki sahnada bolsa ol Piter Peniň keşbini ýerine ýetiripdir. Mundan ençeme ýyl geçensoň, Uolt Disneý bu pýesany ekrana geçirmegi ýüregine düwýär. Emma bu multfilme awtorlyk hukugyny gazanmak üçin oňa on ýyldan gowrak wagt gerek bolupdyr.
Ahyrsoňy «Piter Pen» 1953-nji ýylda
Disneýiň kompaniýasynyň çykaran
14-nji doly mazmunly multfilmi
bolup, mawy ekranlarda görkezilip başlapdyr.
Multfilmiň meýilleşdirilip başlanan döwründen başlap, Jaňjagazyň daşky keşbi birnäçe gezek üýtgedilipdir. Mundan başga-da, multfilmiň käbir ýerleriniň mazmuny hem üýtgedilipdir. Mysal üçin, ilki Wendiniň güjügi Nanany hem Piter Peniň gizlin mekanyna alyp gitmek göz öňüne tutulypdyr. Hatda Nana nyň Jaňjagazy kowalaýan gülkünç
wakasy hem düşürilipdir. Emma soňra ssenariýanyň üýtgemegi esasynda güjük Londonda galdyrylýar.
Multfilmiň animatorlarynyň öňünde duran iň kyn mesele bolsa, Piter Peniň uçuşyny sahnalaşdyrmak bolupdyr. Olar hiç hili ganaty bolmadyk adamy howada gaýdyrmagyň juda kyndygyny belläp geçipdirler.
Multfilmiň şowly çykanyna hem-de tomaşaçylaryň göwnüne ýarandygyna garamazdan, Uolt Disneýiň Özi Piter Peniň keşbini ýerine düşen hasaplamandyr.