wselennayaa
14.11.2023 13:10

Onuň bolşy meniň beren soragymy eşitmedik ýalydy. Penjireden daşarda ýagýan ýaz ýagşyny synlap, oýa batypdy. Belki-de, öz ýatlamalaryna gümra bolup, dogrudanam meniň soragymy eşitmedik bolmagy hem ahmaldy. Men bu soragy ikinji gezek gaýtalamygy gelşiksiz gördüm. Sesimi çykarman ony synladym. Şol wagt biziň beýlerägimizde oturan işdeşlerimiziň birini soragyň jogaby gaty gyzyklandyrdymy, nämemi birden: “Dogrudanam, siz ony söýmediňizmi?” diýip, meniň beren soragymy gaýtalady. Dogrusy işdeşim öz işine gümra bolup oturansoň biziň gürrüňimize üns berýändirem öýtmändim. Işdeşimiň soragyndan soň, ol ýerine geçip oturdy. Bu ýaşuly zenanyň bolup oturyşy bize bir zat gürrüň beresi gelip, nämeden başlajygyny bilmän oturana meňzeýärdi. Birdenem: “Men onuň goşgularyna aşykdym” diýdi-de, ýene-de dymdy. Bu wagt ýaşy ýetmişden geçen zenanyň ýaşlyk ýatlamalarynyň ummanyna çümendigini daşyndan hem bilip bolýardy. Hawa, ýaşy ýetmişden geçen hem bolsa bu zenanyň saryýagyz ýüzi häzirem nuranady. Maňlaýyndaky sähelçe gasynlar bolaýmasa, garrylygyň bu görmegeý zenanyň gül meňzini soldurmaga güýji ýetmändir. Biz gürrüňiň başlamagyna garaşyp, sesimizi çykarman otyrdyk. Ol gözüni bir nokada dikip oturşyna ýaşlyk ýyllarynyň ýatlamasyny gürrüň bermäge başlady.

Men entek mekdepde okap ýören wagtlarym onuň goşgularyny höwes bilen okardym. Ejem onuň ejesi bilen tanyşdy. Iş sapary bilen olaryň ýaşaýan welaýatyna gitse, köplenç şolarda myhmançylykda bolardy. Onsoň bu ýigdiň ykbaly, başyndan geçiren kynçylyklary, ýaşaýyşa, durmuşa bolan söýgüsi barada bize gürrüň bererdi. Şeýdibem mende onuň ýazýan goşgularyny okamaga, synmaz ruhly merdana ýigididň özi bilen tanyşmaga höwes döredi. Hawa... — diýdi-de, ýene dymdy. Biraz wagtdan gürrüňini dowam etdi.

Soňra men oňa hat ýazdym. Hatymda onuň goşgularyny söýüp okaýanlygymy, özüniňem ruhdan düşmän, döredijiligini dowam etdirmegini ýazdym. Soňra meniň hatyma jogap geldi. Garaz, şeýdip aramyzda salam hatlar ýygy-ýygydan gatnap başlady. Mekdebi tamamlan ýylym tomus ejem bilen olaryň öýlerine myhmançylyga bardym. Onuň bilen ýakyndan tanyşdym. Ol düşege baglanyp ýatanlygyna garamazdan, ýüz-gözi nurana, görmegeý ýigit ekeni. Özem men şeýle kösenip ýatyryn diýip müzzerenok. Men oňa Uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girmekçidigimi aýdamda ol: “Gowy edýäň. Okamaly. Menem şol ýerde okamagy arzuw edýän. Emma... meňki diňe arzuwda... şollugna-da galar” diýip, aňysyna bakdy. Menden göz ýaşyny gizledi. Maňa ejizlänini görkezmek islemedi. Men onuň bozulanyny bilsemem, bilmediklige saldym. Gürrüňimizi başga tema gönükdirdim. Biziň aramyzda hatlar ýygy-ýygydan gatnaýardy. Soňra her tomus okuwdan boş wagtymyz onuň halyndan habar almaga bardym. Hatlaryma hem özüme intizar gözleri bilen garaşýandygyny bilýädim. Şonuň üçin hem her gelen haty jogapsyz goýmaýardym. Soňabaka ol hatlara özümem imrinip gitdim. Onuň her hatynda maňa bagyşlanan goşgy bardy. Maňa bolan gyzgyn söýgüsini gönüläp aýtmanda-da, goşgularyndan bilmek kyn däldi. Gatnaşygymyz esli wagta çekdi. Soň ol meni söýýändigini gizläbem durmady. Meniň bolsa oňa nebsim agyrýardy. Dogry, onuň şeýle ajaýyp kalby bardy, ol ajaýyplyklaram öz şygyrlaryna siňdirip bilýärdi. Şeýle kalply ynsany, ýazan şygyrlaryny söýmezlik mümkin däldi. Men ony özümçe söýýärdim. Emma duýgularyma çyndan berilsem, soňunyň näme bilen gutarjagyna akylym ýetenokdy. Şonuň üçinem duýgularyma-da, bu ýigide-de gaty seresap çemeleşýärdim. Çünki sähelçe säwlik onuň bar umydyny, ýaşaýşa bolan höwesini puja çykaryp biljekdi. Men bolsa onuň ýaşamagyny isleýärdim, ýanyp duran zehiniň köýüp gitmegini islämokdym. Şonuň üçinem oňa çynym bilen kömek edesim gelýärdi. Ýazýan hatlarym onuň ýaşamaga bolan höwesini, özüne bolan ynamyny artdyrýardy. Şonuň üçin hatlarymda edil onuň özüniňki ýaly hörpden gopýardym— diýdi-de, gürrüňiň yzyny aýtman esli oturdy. Şol wagt uly gyzyklanma bilen diňläp oturan işdeşim:

Siz ony aldadyňyzmy? Onuň duýgulary bilen oýun etdiňizmi? Bü-ýä birhiliräk bolupdyr— diýip, geňirgendi. Işdeşimiziň bu mortarak soragyna onuň ýüzi gyzardy. Gaharynyň gelendigem bildirdi. Emma şonda-da, özüni asuda alyp barmaga çalyşdy.

Ýok, men ony allamadym. Meniň oňa bolan hormatym gaty uludy. Onuň ýazýan goşgularynyň ölemen aşygydym. Onsoňam meniň ýazýan hatlarym onuň ýaşaýşa bolan höwesini artyrýan bolsa, söýmek, söýülmek bagtyndan mahrum etmeýän bolsa... nämesi birhilimiş? Nämesi bolmaýamyş? Meniň hatlarym oňa azajygam bolsa ýaşamaga höwes döretdi. Ana, men şony bilýän. Şonuň üçinem men ol duýgyny ýalan hasap edemok— diýende sesi sannyrady. Ara dymyşlyk düşdi. Emma gürrüňiň soňuny diňläsimiz gelýädi. Onuň gürrüňi dowam ederine garaşyp, sesimizi çykarman oturdyk. Ol bolsa öýkeli ýaly aşak seredip, dymyp esli oturdy. Dymyşlygy men bozdum. Ýerimden turup, onuň arkasyna elimi goýdum-da:

Soňra näme boldy? — diýdim.

Soňramy? Soňra men durmuşa çykdym. Ýöne çykmazymdan öň onuň bilen bu meselede maslahatlaşdyk. Dogrusy onuň özi maňa: “Sen özüň ýaly gowy ýigide mynasyp. Ikimiziň bile bolup bilmejegimize akylym ýetýär. Eger bile bolaýsak, sen menden ýadarsyň. Men bolsa muny islämok. Söýgimiziň baky bolmagyny isleýän. Şonuň üçinem kyýamatlyk dogan bolup galaly. Sen bagtly bolsaň, menem bagtly bolaryn. Saňa bolan söýgim janym tenimi terk edýançä kalbymda ýaşar” diýdi. Durmuşa çykanymdan soň maşgalamyz bilen bile gatnaşdyk. Begenjimizem, gynanjymyzam deň paýlaşdyk. Ol häzirem biziň ýüregimizde ýaşap ýör— diýdi. Men:

Siziň bu duýgyňyz ynsan ömrüne ömür goşan duýgy. Ony allawçylyk hasap etmek ýalňyşlyk. Bu söýginiň iň ajaýyby, iň mukaddesi. Sizden görelde almaly! — diýip öz minnetdarlygymy bildirdim. Ýanymyzdaky işdeşimizem meniň bu pikirim bilen ylalaşdy.

19
81
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.