ᴘᴇʀɪᴏᴅɪᴋ sɪsᴛᴇᴍᴀɴʏɴ̃ ᴀᴄ̧ʏʟʏśʏ .
ᴅᴍɪᴛʀɪʏ̈ ᴍᴇɴᴅᴇʟᴇʏ̈ᴇᴡ.
Alymyň iş stolynyň üstünde kagyzlar depe bolup durlar. Himiki elemetleriň hersinin özboluşly, häsiýeti anyk görkezilensoň kagyzłaryň ýekesine-de galamyň «deminden sypmak» başartmandyr. «Bularyň arasynda hökman baglanyşyk bolaýmaly. Ýöne ony tapmak maña başardanok. Ýene men näçe wagt kösenmelikäm?» diýip, alym içini gepledýär, otagda eýläk-beýläk gezmeleýär. Ýene stoluň başyna geçýär, gözlerini bir nokada dikip, çuňňur pikire çümýär. Gijänin köpi ötüp, azy galanda kellesine we gözlerine dynç bermek üçin, lapykeç halda ýerinden turýar. Diwana geçip gyşaryar. Bolýan täsinligi gör-ä: elementleriň peroidiki ulgamy tutuş aýdyňlygy bilen düýşüne girýär. Mendeleýew derrew ukudan açylýar, gören zatlaryny kagyz yüzüne geçirmäge howlugýar. Şeýlelikde, beýik açyş dünýä inýär...
1869-njy ýylda açan periodik kanuny ony bütin dünýäde şöhratlandyrýar. Bizin şu günlerimize çenli ulanylyan himiki elementleriň toparlanyşyny 1869-1871-nji ýyllar aralygynda gutarnykly düzende, ol jemi 63 sany elementi açyp bildi. Ýöne alymyň özi
bu zatlaryň birden bolmandygyny, elementleri kanunalayyk etmek üçin 20 ýylyň gerek bolandygyny aýdypdyr.
Alym periodik tablisany düzende öýjükleriň ep-eslisini doldurman goýupdyr. Çünki ol wagtlarda otnositel atom massasy we häsiýetleri boyunça șol oýjüklerde ýerleşdirer yaly elementler belli bolmandyr. Mendeleýew bu elementler hakyky bar elementlerdir. Emma entek olar açylanok diýen netijä gelipdir.
Elementleriň periodik sistemasy himikleriň barlag işlerinde olara kompas, ugur salgy beriji ýyldyz boldy. Olar şoňa daýanyp, täze himiki elementleri açdylar, öňden bilnen täze, gerekli häsiýetli maddalary döredip başladylar. 2016-njy ýylda periodik tablisa soňky goşulan himiki elementler bilen bilelikde bu san biziň häzirki döwrümizde 118-e ýetdi.
Mendeleýew hemişe «Goý, saglyk üçin nähili zyyýany bolsa bolubersin, maksadyña ýetmek aňsat däldir, işlemeli, üznüksiz işlemeli» diýer eken. Ol «Organiki himiýa», soňra «Himiýanyň esaslary» diýen kitaplaryny ýazanda dünýäni unutmak derejesine ýetipdir. Kitaplaryň üstünde işlän mahaly birnäçe aýlap stoluň başyndan turmandyr, ine-gana dynç almagy we iýip-içmegi unudan wagtlary köp bolupdyr. Ol
şol döwürlerde bary-ýogy 26 ýaşynda eken.
Döwürdeşleri onun irginsizligine, erjelligine, zähmetsöýerligine haýran galypdyrlar. Zehinine hormat goýýan adamlar: «Siz geniý» diýseler, Mendeleýew derrew gaşyny çytyp: «Ol niräniň genisi? Men ömürboýy işledim, bolany şol»diýip, jogap gaýtarýan eken. Ol mylaýymlygy we öte ýowuzlygy bir göwrede jemlän şahsyýet bolupdyr. Mysal üçin, çagalary aýratyn gowy görüpdir, olar üçin dürli şagalaňlary
gurapdyr, hiç kimden çekinmezden, körpeler þilen kowalaşypdyr, ýüpden towsupdyr.
Dmitriý Iwanowiçi has ýakyndan tanaýan adamlar: «Ol häsiýetiniň gödekliginden ezýet çekýärdi, şonuň üçin hem, töweregindäkilere däl-de, umuman, özüne gygyrýardy» diýip belläpdirler. Alym bilen bile işlän adamlaryň arasynda-da şeýle hasap edýänler köp bolupdyr. Ady tutuş dünyä yaýran alym talyplaryň öňünde her sapar tejribe sapagyny geçirmeli bolanda, hamala diýersiň, ilkinji gezek ýaly juda tolgunypdyr. Talyplar ony hormatlapdyrlar.
Ol himiýadan daşgary tebigy resurslar, metallurgiýa, kömürdir nebitiň çykarylyşy, meteorologiýa, agronomçylyk bilen hem içgin gyzyklanypdyr. Hepdede bir gezek alymlary, sazandalary, suratkeşleri, ýazyjylary öýüne nahara çagyrypdyr. Özi myhmançylyga gitmegi halamandyr, teatrlara seýrek barypdyr, ýöne çeperçilik sergileriniň welin ýekejesinem sypdyrmandyr.
Beýik rus alymy, jemgyýetçilik işgäri, şahyr hem-de suratkeş, ilkinji rus akademigi 1907-nji ýylda, 73 ýaşynyň içinde aradan çykýar.
Alym: «Hakyky ylmy açyşlar bir alymyň akylynyň netijesi däldir, eýsem, köpleriň bilelikdäki pikirleriniň önümidir, ýöne ol alymlaryň haýsy-da bolsa biri köplere degişli bilimleriň netijesini jemläp, has
görnükli beýan etmegi başarýar» diyip belläpdir.