Kakalar ölmeýär...
Kakalar ölmeýä, kaka ýaşaýar,
Ýaşap ýörler kakasyzlañ deminde.
Olar balalarnyñ ýükün daşaýar,
Gyzyl guma siñip ýeriň teýinde.
Kakalar ölmeýär, kaka ýaşaýar,
Jigerlerniñ janynda hem teninde.
Ene garnyndaka kakadan galyp,
Gundalmadyk çagaň zaryn heñinde.
Kakalar ölmeýär, kaka ýaşaýar,
Emma ir gidýärler baky ýurduna.
Näme üçindir ömür gysga berilýär,
Daglañ peleñine, çölleñ gurduna.
Näme üçin gysgaka, inerleñ ömri,
Bu kysmatmy, ýazylanmy daşa, ýa?!
Megerem olaryñ göterýän ýüki,
Agyrrak bolarly çenden aşa, ýa?!
Ýa, biten ýerinde gadry ýokmuka,
Sürme edemzokmy, göze-gaşa, ýa?!
Olar bolsa ''perzent' diýip jan berip,
Sessiz söýüp, sessiz ölüp başarýa.
Kakalar ölmeýär, kaka ýaşaýar,
Goýmaz olar bizi hiç haçan ýetim.
Mazaryna daş goýmazdan öñürti,
Baş goýup döşüne kalbyna ýetiñ.
Olaryň söýgüsi, olañ yhlasy,
Etmez sizi asla dumly-duşa zar.
Ýetim sözün diýmäň, diýmäň siz, çünki
Kakalar ölmeýä, kaka ýaşaýar.
Sadi Sädiýew