tmyigit76
13.11.2023 13:34

ʏᴢʏɴ̃ᴅᴀ ɴᴀ̈ᴍᴇ ɢᴀʟᴅʏʀᴅʏɴ̃





Talypkam filosofiýadan bir täsin professor sapak berýärdi. Özüniň aşa agraslygy hem-de burnunyň üstünde kök uran köne äýnegi bilen ol kärdeşlerinden tapawutlanýardy. Wagtal-wagtal filosof adamlara mahsus bolan, adaty bir «Durmuşyň manysy näme?» diýen ýaly

gürrüñdeşlikli pikir alyş sapaklaryny geçirýärdi. Käbiri netijesiz bolsa, kämahal örän täsirlileri-de bardy. Şu gezekki hem ikinjilerdendi:

«Berjek sowallaryma eliňizi galdyrmak bilen jogap beriň» diýip, professor tabşyrdy. «Siziň näçerägiňiz kakaňyzdyr ejeňiz barada ýatda galyjy derejede gürrüň berip bilersiniz?» Hemmeleriň eli ýokary galdy. «Näçäňiz ataňyzdyr eneňiz barada bir zat aýdyp bilersiňiz?» toparyň 4-den 3 bölegi elini galdyrdy. «Näçäňiz

garry eneňiz ýa-da garry ataňyz barada gürrüň berip biljek?» tutuş 60 adamdan ikisi elini galdyrdy. Ol: «Töweregiñize serediň» diýdi. «Bary-ýogy iki-üç arka aýlanandan soň köpimiz öz garry atamyzyň, garry enemiziň kim bolandyklaryny hem bilemizok. Elbetde, belki-de solup ýatan fotoalbomlaryň birinde köne surat galan bolup biler ya-da birimiz olaryň biriniň mekdebe çenli 10 menzil aýakýalañaç ýörändikleri barada eşiden bolup bileris. Ýöne näçe adam olaryň aslyýetinde kim bolandygyny, nämä begenip, nämeden gorkandyklaryny, nämeleri arzuwlaryna besländigini anyk bilýärkä? Oýlanyp görün, üç nesilden soň ata-babalarymyz iñ daşky ýatlamalarymyzda-da galmady.

Ýeri, bolýar, dogrulap aýdaly. Geljekki 3 nesle nazar sal. Seniň dünýäňi täzeläniñe esli wagt bolupdyr diýeli. Bu otagda bolsa saña derek, seniň çowluklaryň otyrmyşyn. Olar sen barada näme diýerler? Olar sen barada, heý, bir zat bilýälermi? Ýa-da senem ýatdan çykarsyňmy? Seniň durmuşyň olar üçin etmeli däl zatlaryň sanawy bolarmy ýa-da görelde almaly nusga bolarmy? Yzyňda näme galdyrarsyň? Özüñe bagly. Çykyp bilersiñiz».


Bäş minutlap hiç kim ýerinden hem gozganmady.

36
250
tmyigit76
14 Noýabr 2023
@a_e_r, 👍🏻👍🏻
a_e_r
14 Noýabr 2023
Kitapdan bölek:"Adam:Men nadip yz galdyrsamkam ,Dana:perzentleriňi gowy ýetişdir...(gysgaltdym)
seneca
13 Noýabr 2023
@nepesowna, Ýok.
seneca
13 Noýabr 2023
@nepesowna, Aýdyberiň!
seneca
13 Noýabr 2023
@nepesowna, Salam.
seneca
13 Noýabr 2023
@tmyigit76, "Asyl hakykata ynanmaýarlar" diýip, öz ynanjyňy öňe sürseň bu obýektiw boldugyň bolmaýar, tarapgöý seretdigiň bolýar, sebäbi başga ynançly adamlaram "asyl hakykat bar, biziňki, emma oňa ynanmaýarlar" diýýärler.
tmyigit76
13 Noýabr 2023
@besimov 04, ol gyrgyzlaň pikiri bolaýmasa
tmyigit76
13 Noýabr 2023
@besimov 04, 7 arka gaty uzak bolýa
tmyigit76
13 Noýabr 2023
@seneca, asyl hakykat bar we oňa ynanmaýanlar bar
seneca
13 Noýabr 2023
@tmyigit76, "Asyl hakykat" diýip ýene bir diniň "jogaby" bar diýseň, bu "asyl hakykat" bolmaýar, "asyl hakykat" bolsa oňa hemme ynanardy, gollardy, goldamaýarlar sebäbi "asyl hakykat" diýlen zat ýok. Diňe kişileriň "asyl hakykaty" bar olam şahsy pikir bolýar.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.