ylham_gurbanaly
13.11.2023 11:43

[spoiler][/spoiler]Güýz gijesi.

Adaty gün.

Noýabr.

Ümsümlik gurşapdyr töwerek-daşy.

Şemalyňam ýadandygy bildirýär,

Agaçlaram häzir yranok başyn.


Aýam bu gün asmanymda görnenok,

Müdümilik giden ýaly - terk ede.

("Senden gowy meniňem bir aýym bar"

diýenime, öýkeländir ol, belki-de)


Kütek gözler ýollaryma garaýar,

Geljege garaýan a:ýdyň göz bilen.

Sebäp, her kim bolup biler ýeňşe ýar,

Bu durmuşda kynçylyga döz gelen.


Saňa barýan ýollaň kötellerinden,

Aşyp, saňa basym barasym gelýär

Hemem pursat bolsa,

sypdyrman elden,

Ýalňyzlygy daşlap urasym gelýär.


Günler geçer sagadyny jylawlap,

Geçenlerem, geçjeklerem - göýä bir.

Sensizlikde yşksyz kalbym gyrawlan,

Güýz gijesi.

Adaty gün.

Noýabr.



Ylham GURBANALYÝEW

26
91
ylham_gurbanaly
14 Noýabr 2023
@mawy, menem haýran)
Abat_
13 Noýabr 2023
@ylham_gurbanaly, maslahaty okan çeşmämi görkezerin:))
okan
13 Noýabr 2023
Gowy goşgy 👍👍👍👏👏
ylham_gurbanaly
13 Noýabr 2023
@Sunshine lady, # gidersiňde))
Abat_
13 Noýabr 2023
Ýalňyzlygy daşlap urasym gelýär👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.