Allañ namardynyñ beren sözine
Ýürekden söýyän diýse ynanma
Köñül berip öwsüp duran gözine
Señ ugruñda köýyän diyse ynanma
Boýnuña gol salyp alaryn diýer
Gije gündiz Mejnun bolaryn diýer
Pikir edme hökman alaryn diýer
Aýagyña baş goysa ynanma
-----------------
Gyş yagyşly gelse ýaz günälimi
Mukamçy saz çalmasa saz günälimi
Ýigit söýgisine biwepa bolsa
Aýdyñ joralarym gyz günälimi
-----‐-------‐---------
Ýaz ýagşy göze ýaş bolup goriner
Gülälek baş atyp zaryn yaranar
Bütin dünýäñ gara bolup göriner
Ilkinji söýgiñden jyda düşeñde
--------------
Men seni söýerin yokdur muña söz
Söygini döretdi şol garaja göz
Aylandy gyşymyz yzy bilen yaz
Ykbal bize gülip bakar ezizim
--------------
Dünyãni suw bassa cölde ne günä
Ylgasam yadasam yolda ne günä
Uzatsam ýetmese elde ne günä
Ýüregim sen diyse mende ne günä
-------------
Meni söyjek bolsañ bir şert bilen söý
Söýüp soñra taşlamajak bolsañ söý
Gözleriñi tagzym edip gözime
Soñ gözlerim ýaşlatmajak bolsañ söý
---------------
Söýýän yigit söýgisini gizlemez
Söýýãn gozel Söýýän diyip sözlemez
Söýgisine wepaly merdana ýigit
Şol söýgiden başga gözel gözlemez
-----------
Söýgi okeandyr
Söýgi deryadyr
Söygüniñ ugrunda
gark bolyan kändir
Awtorlaryny bilemok okuwcy döwrim depderde yazyp goyanlarym...
Halasanyz like❤ basmagy unutmañ..ertirem goşgularyñ dowamy bar....