habarly_bol
12.11.2023 23:12

2016-njy ýylda Ilon Mask we alymlar topary tarapyndan esaslandyrylan Neuralink kompaniýasy diňe bir mümkinçiligi çäkli adamlaryň daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşyk etmek ukybyny bölekleýin dikeltmän, eýsem ysmaz bolanlary aýaga galdyryp biljek beýni implantlaryny döretmegi maksat edindi. Adamlarda synagdan geçirmäge rugsat almak bilen, Neuralink eýýäm geljek ýyl 11 hassany operasiýa etmekçi bolýar diýip, 3dnews.ru belleýär.


düýn 15:42


Bloomberg agentliginiň materialynda bellenilişi ýaly, Ilon Mask Neuralink implantlarynyň adamlardaky kliniki synaglaryna rugsat bermek işini çaltlaşdyrmagy başardy, sebäbi adaty tertip ilkinji hassanyň üstünlikli operasiýadan soň hünärmenleriň elinde bir ýyl gözegçilikde bolmagyny we diňe şondan soň kompaniýa indiki operasiýalary geçirmäge rugsat berilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de bolsa, FDA agentligi Neuralink kompaniýasyna implantlary birbada 11 hassada synagdan geçirmäge rugsat berdi we olar eýýäm geljek ýyl operasiýa ediler.

Kompaniýa her bir operasiýanyň bahasyny 10 500 dollar bilen bahalandyrýar, ýöne ätiýaçlandyryş kompaniýalary her bir hassa üçin 40 000 dollar tölemeli bolarlar. Startapa eýýäm müňlerçe hassa ýüz tutdy, ýöne indiki ýyla çenli synagyň ilkinji tapgyry üçin 11 meýletinçi saýlanar. Bellenilişi ýaly, tejribä gatnaşyjylaryň her biri 40 ýaşdan kiçi hem-de el we aýak ysmazyndan ejir çekýän bolmaly.

2025-nji ýylda kompaniýa adamlara 27 implant oturtmagy, 2026-njy ýylda ýene 79 hassada operasiýa geçirmegi, 2027-nji ýylda 499 operasiýa, 2030-njy ýyla çenli bolsa her ýyl 22 204 operasiýa geçirmegi meýilleşdirýär. Bäş ýyldan kompaniýa operasiýalardan ýylda 100 mln dollar möçberde girdeji almagy göz öňünde tutýar. Öz işläp düzen robotyndan başga-da, Neuralink ýarym geçiriji komponentleri özbaşdak işläp düzýär we taýýarlaýar. Implant iş wagty gyzmaly däldir ýa-da haýsydyr bir sebäp bilen hassany biynjalyk etmeli däldir, şonuň üçin bu tapgyrda komponentleriň köpüsini kompaniýa öz güýji bilen işläp düzýär we öndürýär.

2021-nji ýylda, takmynan, 12 hirurgiýa roboty 155 haýwana çip oturtdy, geçen ýyl operasiýalaryň sany 294-e ýetdi.


27.05.2023 tmcars.info


Maskyñ neuralink kompanýasy adamlara çip otyrtmak synaglaryna ygtyýarnama aldy


Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologiki kompaniýasy eliň kömegi bolmazdan kompýuteri we telefony ulanmak üçin adam beýnisine çip ornaşdyrmak boýunça kliniki synaglary geçirmäge rugsat alandygyny habar berdi. Muny TASS ýetirýär.


“Biz ABŞ-nyň Iýmit önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline sanitar gözegçiligi boýunça edarasynyň adamlarda ilkinji kliniki synaglarymyza başlamaga rugsadyny alandygymyzy habar bermäge şat” – diýlip, kompaniýanyň Twitter sahypasynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.


Kliniki synaglara gatnaşmak üçin ýazylyşyk heniz açyk däl.

Neuralink startapy 2016-njy ýylyň iýul aýynda Mask tarapyndan neýrointerfeýsleri işläp düzmek we çäklendirilmedik mukdarda elektrodlary beýnä doly awtomatik režimde ornaşdyrmaga mümkinçilik berýän robotlary döretmek ugrundan öňdebaryjy hünärmenleriň tagallalaryny birleşdirmek üçin döredildi.

2021-nji ýylyň fewral aýynda Neuralink maýmynlarda çip synagyny geçirdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, çibe birikmek iPhone arkaly amala aşyrylýar. Hünärmenler neýron işjeňliginiň belli bir hereketler bilen baglanyşygyny öwrendiler we kesgitlediler, bu hem olara yzyna jogap gaýtarmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelik bilen, makaka joýstigiň kömegi bolmazdan ekrandaky kursory hereketlendirmek öwredildi.


Alynan ýeri:tcars.info

16
37
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.