Meniň pikirimç-ä, nämedir bir zady gutarnykly düzetjek bolmak ýa-da şoňa dalaş etmek, özüňe çakdan aşa baha bermeklikden nyşan.
Adam bir ukyby hem mümkinçilikleri çäkli jandar.
Ol diňe ilki bilen-ä mümkin boldugyndan özüne, onsoňam özüne sarpa goýýan töweregindäkilere az-da-kän-de täsirini ýetirip bilýär.
Ýöne, suwa daş atsaň şonuňam tolkunlary halka-halka bolup çar ýana ýaýraýar ahyry.
Ýagşy niýetlerdir, gowy işler hem şonuň ýaly.
Tolkun atyp ýaýrawyny giňeldýärler.
Eliňden ýagşy iş gelmeýärmi, onda iň bolmanda, ýagşy sözleri bir diýmegiň hötdesinden gelmeli.
Belki, seniň aýdan sözleriňden güýç alan bir bende ýagşy iş gaýryp, alkyşa mynasyp bolar. Onuň alkyşyndan hem saňa bir ülüşjik ýeter.
Eger-de ýagşy söz aýtmaga-da ýagdaýyň ýokmy, onda ýagşy niýetde, ýagşy pikirde, ýagşy umytda bir bol!
Eger-de ol hem eliňden gelmese, onda ýaman işden, ýaman niýetden, ýaman sözden we erbet pikirlerden bir saklanmagyň hötdesinden gel!