Lilia_
11.11.2023 09:51
Durmuş bizi ýepbekleýär.

Bu gowumy ýa-da erbet?!

Iň kesgir gylyçlaram, iň çydamly gurallaram demirçiniň sandalynyň üstünde ýekedaban bilen “ýepbeklene-ýepbeklene” taplanyp, synmaz polada öwrülýär. Iň gowy tamdyrlar depgilene-depgilene şykgy edilen toýun palçykdan ýasalýar. Iň ussat boksçularam türgenleşiklerde “ýepbeklene-ýepbeklene” ýeňilmez derejä ýetýärler.

Şonuň üçinem, köpi gören adamlar-a, gaýta “ýepbeklenýäniňe” minnetdar bolmaly diýip hasaplaýarlar.

Onsoňam, öňki döwürler ýasawullar düzgüni bozan adamy saklap, oňa temmi taýagyny uranlaryndan soň ondan gaňryp “taýak hakyny”, ýagny özleriniň zähmeti üçin tölegem alypdyrlar. Bu wagt bolsa, seni “ýepbekleýän” adamlaram, durmuşam senden töleg soraman, mugtuna işleýärler.
29
29
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.