oras
11.11.2023 07:59

TSSE-de geçirilen "Türkmentel - 2023" sergisinde we ylmy we amaly maslahatynda "Geljekki nesil mobil aragatnaşyk torlarynyň işe girizilmegi (5G / IMT-2020)" atly okuw taýýarlygy başlandy. Serginiň guramaçysy - radio aragatnaşyk we ösen tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça baý tejribä eýe bolan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigidir (ITU).


Bu okuw taýýarlygynda 5G tehnologiýalaryny işe girizmegiň möhüm taraplary, şeýle hem hökümetiň we düzgünleşdiriji guramanyň geljekde 5G hyzmatlaryny ýurduň ýaşaýjylarynyň peýdasyna ornaşdyrmak prosesini çaltlaşdyrmaga nähili kömek edip biljekdigi ýaly meselelere serediler.


Okuw taýýarlygynyň esasy maksatlary, 5G esasly tehnologiýalary we konsepsiýalary tanatmak, 5G bilen mobil tehnologiýalaryň öňki nesilleriniň arasyndaky esasy tapawutlary görkezmek, dünýäde 5G ulgamynyň işe girizilmeginiň bar bolan mysallaryny öwrenmek we Türkmenistanda 5G tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny ornaşdyrmak işlerini nähili çaltlandyrmaga nähili kömek edip biljekdigini anyklaşdyrmakdyr.


Bu okuw çäresi 2 gün dowam eder. Serginiň girişi bütinleýin tölegsiz bolup, islendik höwesjeň oňa gatnaşyp görip biler.

14
39
oras
11 Noýabr 2023
Nesip bizzede osus bolar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.