Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde her ýyl geçirilýän “Samsung AI Forum” çäresiniň çäklerinde “Samsung Gauss” atly döredijilik emeli intellekt modelini tanyşdyrdy.
“Samsung Gauss Language” – bu elektron poçta ýazyp, resminamalary dolandyryp we mazmuny terjime edip bilýän döredijilik dil modelidir. Şeýle hem, ol “Google Home” ýa-da “Amazon Alexa” ýaly düzümleri has “akylly” dolandyryp bilýär.
Ol “Gauss Language” dilinden, “Gauss Code” kodlaryndan we “Gauss Image” atly hyzmatlary özünde jemläp, bu bölümleriň heri biri berlen gönükmäni takyk ýerine ýetirmäge ýöriteleşendir.
“Samsung Gauss Code” ulgamy “code.i” atly kömekçi kodlaşdyrma hyzmatyny ulanyp, programmistlere kodlary çalt we aňsatlyk bilen ýazmaga, synag nusgalaryny döretmäge we başga-da birnäçe kodly işlerine ýerine ýetirmegä ýardam edýär.
Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi özüniň täze dörediji emeli intellektini meşhur matematik Karl Fridrih Gaussyň adyny dakdy. Ol maşyn okadylyşynda ulanylýan Kadaly ýaýratmak kanunyny döredipdir. Bu adyň üsti bilen kompaniýa emeli intellekti ulanmak arkaly adamlaryň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak isleýändigini nygtamak isleýär.
“Gauss” algoritmi “Samsung Research-iň” gözleg bölüminiň inženerleri tarapyndan işlenilip düzüldi. Häzirki wagtda bu algoritm kompaniýanyň içinde işgärleriň iş öndürijiligini ýokarlandyrmakda kömekçi ulgam hökmünde peýdalanylýar. Geljekde bu algoritm programma ulgamy görnüşinde ulanyjylaryň peýdalanmagy üçin hem elýeterli ediler.