Lilia_
11.11.2023 00:00
Meniň pikirimç-ä, nämedir bir zady gutarnykly düzetjek bolmak ýa-da şoňa dalaş etmek, özüňe çakdan aşa baha bermeklikden nyşan.

Adam bir ukyby hem mümkinçilikleri çäkli jandar.

Ol diňe ilki bilen-ä mümkin boldugyndan özüne, onsoňam özüne sarpa goýýan töweregindäkilere az-da-kän-de täsirini ýetirip bilýär.

Ýöne, suwa daş atsaň şonuňam tolkunlary halka-halka bolup çar ýana ýaýraýar ahyry.

Ýagşy niýetlerdir, gowy işler hem şonuň ýaly.

Tolkun atyp ýaýrawyny giňeldýärler.

Eliňden ýagşy iş gelmeýärmi, onda iň bolmanda, ýagşy sözleri bir diýmegiň hötdesinden gelmeli.

Belki, seniň aýdan sözleriňden güýç alan bir bende ýagşy iş gaýryp, alkyşa mynasyp bolar. Onuň alkyşyndan hem saňa bir ülüşjik ýeter.

Eger-de ýagşy söz aýtmaga-da ýagdaýyň ýokmy, onda ýagşy niýetde, ýagşy pikirde, ýagşy umytda bir bol!

Eger-de ol hem eliňden gelmese, onda ýaman işden, ýaman niýetden, ýaman sözden we erbet pikirlerden bir saklanmagyň hötdesinden gel!
26
47
tmyigit76
11 Noýabr 2023
@tim_, Adama gaty az ylym berildi (Kurany kerim)
ahgg
11 Noýabr 2023
@tim_, pikiriñize daşyndan goşulyanam weli birja zady aydasym gelya elbetde yokary derejeli ukyp başarnyk bardyr adamda ýöne çäkli ömri bilen nädip çäksiz pikirlenip bilsin diñe biziñ düşünjelermiz däl ömrimizem çäkli çäkden cykyp bolmaya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.