seljukly
09.11.2023 23:41

GOWŞUTGELDI DAŇATAROW

PERIŞDE

Hekaýa

“Eneş, Eneş-ş!” diýseler, diýibýersin iller. On dört ýyl bäri diýe-diýe

dilleri syryldy. Ejesiniň bagry, kakasynyň ýüregi ezildi. Diýenlerinde

näme, ol eşitmese, gürläbilmese... Özüniň haýwan däldigine-de akly

ýetenog-a ol biçäräň. Aýgyt bilemok, ýöne ýetýän däl bolmaly. Üme

düşünýär.

Adam-gara gelende dagy ejesiniň bolşuny gören bolsadyňyz!...

Ýüregiňiz gobsunyberer. Öňürt-ä öýde şolar ýaly çagaň bardygy

bilinmese gowy. Niçikmi, däbşeneklägeden myhmanlaryň üstüne

giräýse-de, duýdurmanjyk elini salgap: “Bar çyk!” diýer goýberer. Ýa

daş çykyp, iş buýrar. Baý, heleýlerem ýaramazdyr-a! “Wah-wah-eý,

şojagaz gyzmy şü?” diýip, derrew ýarasyna duz seperler. Kemiň bor-da,

kemsidilmän galarmyň? Öňi bilen şol ýeriňi gözleýärler-ä. Ýeri gelende

bagryndan atmak üçin şeýdýäler. Bilip goýaýmalydyr, bir-ä ajalyň ýaýy,

bir-de ýamanlygyň ýaýy gaýym çekilgi durandyr. Haçan atylsa

atylaýmalydyr.

Eneş güň, ýöne düşnüksiz däl. Üşügi bar, diňe sabyr gerek. (Bu-da,

içiňi ýakaýyn diýen ýaly, dillileriň köpüsinde ýok.) Dodaklaryňa seredip

dur, eliňi kelewletseň-ä baýaky. Öýlerinde-de iş bilen örňäp, eli işli

irkilýär. Sygry sypap sagýar, hamyry eýläp edýär. Bişіren çöregini

galyň-galyň dili uzyn heleýler şapbyldap iýip doýup bilenoklar.

“Dili bolaýsa bolmaýamy” diýen bolup. Siziň ýaly bolardy-da.

Açylan syrtyň gürrüňini öňýeten ýerde aýdyp ýörmegi hil bir

bagtlylykdyr öýdýäler. Edil beýle-de däl ol.

Eneş toýy aňşyrýar. Jigisi kürtäniň çetini tutan kişi bolup, sülmürän

bolýa weli, “bä-bä-bä” edip böküberýär. Bol biçilen ýanly köýnegini,

ýüň ýaglygyny, gülýakasyny ýygşyryp goýan ýerinden derrew tapyp

alýar. Ýaglyk daňnyşam bir gülkünç. Hemişeki eýýamyň gyzlary ýaly,

manlaýynda düwüp daňýar. “Meň gyzyma görki gerek däl, berki gerek”

diýip, Dürje garry onam delile getirýär käte. Ondan geň görüp

duranoklar-la. Häzirki gyzlaryň moda eýerip, ýaglygy ýeňselerinde

çigýändigini, saçlarynam şoň üçin arkalaryna atýandyklaryny Eneş

bilenok. Ol toýda çelpek ýaýmalydygyny, hamyr etmelidigini bilýär.Toýa bagşy gelmese, soramany unudanok. Başga-da bir hyruç edýän

zady bar. Olam toý eýesiniň telpegini zyňmak. Şo zatlar-a düşünýär ol.

Her kim bir hili görýär Eneşi. Kim degşip gaharyny getirýär.

Hereketiň bilen “bir murtly ýigide Eneşi gelin edip berjek” diýibilseň

bolany, işini sen eder. Üns bermän ýörenem bar, “Üýşmeleňe gelseň,

şundan ýaňa-da bizar bolaýýaň” diýip hossa görýänem.

Barybir köpçülikde Eneşe garaşyk edýän gerek-le. Nurjemal –

doganoglan uýasy – şoňa ýaltananok. Eneşem göni şonuň gözüne garap,

yşarat etdigi düşünip otyr. Nurjemaldan özüne ýamanlygyň ýokdugyny

aňýamy, nämemi. Özgeleriň hajyk-hujugyna ynanyp duranok. Hasam

Gülendamyň eden oýnundan soň. Toýda özüne göwni ýetýän oglanlaryň

biri Gyçja diýilän gyzy çete çagyr diýende, aldap, Eneşi iberipdir.

Gümürtikligi syzyp, ýüregi ýarylara gelen Eneş walalaýlap jaýa kürsäp

urandan Nurjemal bir bolgusyzlygyň bolandygyny duýdy. Eneş

Gülendama öýkünip bir gözüni gympaýtdy. Elini ýokarky dodagyna

ýetirip, egninden gujaklamagy Nurjemal üçin düp-düşnükli. Nurjemal

Gülendamy bejit tapdy. “Ejeňi çykar duşuşyga, eşitdiňmi, eşek gyz?!”

Nurjemalyň gahary gelmesin, onda sylanyşyk diýýlýän zatdan nam-

nyşan galanok, dodagyny tibirdedip.

Eneş aýyň-günüň aýlanyp durşunda adam üçin bir biwepalygyň

bardygyna düşünenok. Wagt geldі, ol Nurjemalyndan jyda düşdi.

Gaýdyp gelende indi gitmez öýtdi, tamasy çykmady. Soň bir gezek eli

çagaly gelende, geňler galyp, gözlerinden many anlajak boldy. Bolmady.

Çagany ýüzüne syldy, gülüşdiler, gaty gördi. Näme aýby bar?

Hemmäňiziňem ýetip bilmeziňiz şol ahyry. Eneş ikligiň nämedigini

bilenok. Töweregindäkiler bolsa özgeler-ä däl, özlerinem aldajak bolup

azarda.

Bu zatlaryň başyny Nurjemal başlanok ýa soňy gelip şoňa diränok.

Beýleki gyzlaram bagtlary açylyp, taýlaryny tapyp gitdiler bardylar.

Eneş üçinem birlän-ikilän gudaçylyga gelen-ä bolmanam durmady.

Ýöne göwneşmediler. Eneşe kim ony aýtjak? Şeýde-şeýde ýigrimi bäş-ä

ýaşady. Gyz çaky – gulpak çatary diýilýän ýaşlar yzda galdy. Muny

jigisiniň gygynyň ajap ugranyndanam aňsa boljakdy. Ýa-da çagalaryň

agzyna öýkünmeleriniň artýanlygyndan. Köçede görseler, “bä-de-bä”

bolşup gün berenoklar. Täze össürim Eneş bilen “gepleşmäni”

oňaranokdy. Öňküler bolsa iň bolmanda “keseki” hataryň

garagollaryndan “Eneşlerini” goraýardylar.

Eneşiň iş-ä ýeňlänok. Garry enesi ýanyny ýere berdi. Oňa göz-gulak

bolmagy Eneşiň öz-özi boýun aldy. Ak guş ýaly saklady.

dowamy bar ....

12
59
okan
10 Noýabr 2023
Gaty guzykly dowamyna garaşýarys 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.