Bir mahallar şeýle jana jan dostlar bolupdyr. Olaryň biri garyp birem baý bolupdyr. Bir gün baý söýgülisi bilen kafe gidipdir, bir oglan söýgülisine lak atýar düşünişsizlik sebäpli ony öldürýär. Polisiýalar üýşip başlaýar. Baý garyp dostuna jan edip ýagdaýy düşündirýär. Garyp 'garaş barýan' diýip telefony goýýar we barýar. Hemme zady oz boýnuna alýar, ol oglan 26 ýyllyk azatlykdan mahrum edilýär. Wagt geçýär garyp türmeden bizar bolup gaçyp gaýtýar we baý dostunyňka baryp gapyny kakýar. Baý dosty gapyny açyp 'bar git seni gözüm görmesin' diýip kowup goýberýär. Garyp dosty näme bolanyna düşünmän duralga baryp kellesimi tutup otyrka bir garryja ýaşuly bir sumka goýup gidýär. Garyp sumkany açsa içinde gaty köp pul bar eken. Garyp muňa öý alynýar,maşyn alynýar, umuman hemme zat edinýär. Bir gün öz göwin halan gyzyny tapýar we söýüşýär. Bir gün öýine bir aýal gelip ' meni öýüňe hyzmatkär edip al men seniň öýiňde mugt işlejek' diýýär. Muňa razy bolýar. Öz söýgülisime öýlenmegi toý etmäge razylaşýarlar. Bu toýy uludan tutýar we toýa öz baý dostunam çagyrýar. Herkim toýy gutlaýar, tans edilýar. Tpý gutlamak gezegi baý dostuna gelýär. Baý 'dost bilýäňmi biz nähilo dostduk, bilýäňmi men adam öldirdim, bilýäňmi sen meniň üçin 26 ýyl türmä gitdiň, bilýäňmi sen bize geleniňde men seni kowupdym, sebäbi öýde polisiýalar bardy, olar seni gözläp ýördi, bilýänmj sen duralgada durkaň bir ýaşuly sana pul goýup gitdi, ol meniň kakamdy, bilýäňmi seniň öýüňe bir aýal hyzmatkäriň bolaýyn diýip bardy, ol meniň ejemdi, bilýäňmi sen öýlenip otyran gyzyň hem meniň gyz jigim. Men saňa ömrümi, öz ýakynlarymy berdim. Dost bagtly bol'