Gülüň - ýüzler açylsyn
😊Bazarda çagasyny ýitirip, uly ili bilen aglap eňräp çagasyny gözläp, tapansoňam çagasyny it uran ýaly urýan aýala türkmnen diýilýär.
😊Bir ýaşuly daşary ýurda bilet almak üçin kassa barýa. Kassadaky bir oglanam ýaşula habar gatýa.
- Ýaşuly daşary ýurda mäne üçin barýaňyz?
- Syýahata. Dynç almana oglym.
-Gelejemem äkitmeli ekeniňizdä onda
- Oglum tokaýa odun äkidilmeýä
😊Bildirişler!
Gaýynenemi ýitirdim. Ol köpden bäri biz bilen ýaşaýardy. Daşky görnüşi edil aýalyma meňzeýä. Kimde-kim gaýynenemi tapyp getirse suda bererin.
Bildiriş.
40 ýaşan aýalymy iki sany 20 giren bilen çalyşýan.
Bildiriş
Öýümi ähli enjamlary bilen satýan. Öýde aýalymam bar.
😊-Gyzym ejeň kastýumymy arassladymy?
- Hawa kaka
+Jalwarymy arassaladymy ?
Hawa kaka
-Köwüşimi arassaladymy
-Oň jübüsi ýoga kaka.
😊Gaty utanjaň adamlar suwa düşende, çyralary öçürip suwa düşýämiş.
😊Ýazyň günleri bir adam öýüniň ýanynda, tapjanda gowurdak iýip otyrka goňşysy gelýäde "gel şuň bilen bir degişeýin" diýip, goňşusyna :"ahow goňşy, süňki azrak çeýneber, itede biraz goý ahyry" diýýä. Ýaňky adamam goňşusynyň henegine düşünýäde :
-Aý bolýa goňşy, yrdyň, me al -diýýäde süňki goňşusynyň öňüne oklaýa.
😊- Kaka adamlar näme üçin işleýä
- Çörek üçin işleýä oglum.
- Kaka, çörek bişirýänler näme üçin işleýä.
- Oglum köp sorag bermesene.
😊- Dost, goňşym Begenç karzyna pul sorady bersemmikäm.
- Ber dos, bolmasa menden sorar.