altyyeva
06.11.2023 13:46

Öwrenmegiň tertibi. Daşary ýurt dilini öwrenmekde ony yzygiderli gaýtalamak örän uly ähmiýete eýedir. Munuň üçin hepdäniň diňe belli bir gününi kesgitlemek hem-de galan wagtlarda şol özleşdirilenleri gaýtalamak netijeliligi has ýokarlandyrýar. Bu beýniniň kabul edip bilijilik ukybynyň ýokary bolmagy üçin peýdalydyr.


Kagyzdan peýdalanmak. Öwrenýän diliňiziň sözlerini gysga wagtda ýat tutmak isleseňiz, onuň iň amatly ýoly terjimesi bilen bile kagyz bölejiklerine ýazmakdyr. Söz ýazylan kagyzlary öýüň göze görnüp duran ýerlerinde ýelmäp çykmak gerek. Şu ýol arkaly siz öýde başga işler bilen meşgullanýan wagtyňyzda hem dil öwrenmegi dowam edip bilersiňiz.


Filmlere tomaşa etmek, aýdym diňlemek. Öwrenmek isleýän diliňizde düşürilen filmlere terjimesiz ýagdaýda tomaşa etmek hem daşary ýurt dilini çalt özleşdirmek üçin örän peýdaly usullaryň biridir. Şeýle-de öz derejäňizi kämilleşdirmek üçin şol dildäki aýdymlary diňlemek maslahat berilýär. Sözleri eşitmek arkaly öwrenmek we ýatda saklamak bilen birlikde, olaryň aýdylyş äheňini-de has gowy özleşdirmek mümkin.


Sözler barada pikirlenmek. Sözleri aňsatlyk bilen ýatda saklamak üçin olary deňeşdirmek usulyny ulanyp bilersiňiz. Has takygy, öwrenýän diliňizdäki sözleri türkmen dilindäki bar bolan şoňa meňzeş sözlere baglap ýatlaň. Mysal üçin, iňlis dilindäki «can» (başarmak) sözi bilen türkmen dilindäki «kän» sözüni bir-birine meňzedip ýatlasaňyz, hakydada has gowy galar.


Şol dilde gepleşmegi we pikirlenmegi endik etmek. Dil öwrenmekde mydama netijeliligini saklap bilýän usul şol dilde gepleşýän adamlar bilen söhbetdeş bolmakdyr. Unutmaň, şeýle adamlar bilen näçe köp gürleşseňiz, şonça-da kämilleşersiňiz. Gepleşmegi öwrenensoň, özüňizi edil şol ýurtda syýahat edýän ýaly göz öňüne getiriň. Ýolda-yzda gören zatlaryňyzyň — awtobuslaryň reňkini, ýolagçylaryň geýnen eşiklerini, bir ýere baranyňyzda, ol ýerde näçe adam bardygyny şol dilde pikir ediň we özüňize gürrüň beriň.

19
55
nabat_
6 Noýabr 2023
Gowy maglumat👍👍👍♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.