kizz
06.11.2023 11:35

KAKAÑ BAŞYÑ SYPAMASA


Ýeñsänden ýel kakyp geçer,


Kakañ başyñ sypamasa .


Ýöräp barýan ýollañ öçer,


Kakañ başyñ sypamasa.


*****


Durmuş saýlar öz merdini,


Başa täç etmez her kimi.


Iller götermez derdiñi,


Kakañ başyñ sypamasa.


*****


Gûnem gizlär ýagtysyny,


Hiç kim bermez artygyny,


Ykbal çalar şarpygyny,


Kakañ başyñ sypamasa.


*****


Ýitirip baýlyk sarpasyn,


Ah, seni kimler ýalkasyn?!


Özüñ-özüñe arkasyñ,


Kakañ başyñ sypamasa.


*****


Çözüşmez hiç kim ýumagyñ


Ýamanlar bolmaz ýamagyñ,


Dolup durar aç damagyñ,


Kakañ başyñ sypamasa.


 

Kerim Hallyýew

29
63
optimist
7 Noýabr 2023
Kerim hally dasda
kizz
6 Noýabr 2023
angelface
6 Noýabr 2023
@kizz,govy gosgy eken
kizz
6 Noýabr 2023
@angelface, salam
angelface
6 Noýabr 2023
@kizz, salam
kizz
6 Noýabr 2023
@angelface, 😁😀?🤔
angelface
6 Noýabr 2023
Gaty gou gosgyy eken😁😀
kizz
6 Noýabr 2023
@bellidal, 👍👏
bellidal
6 Noýabr 2023
Aglap durkam diydi aglama barkam. Zada zar etmerin dem alyp ýörkäm. Hat-da gam çekmegin dünýäde ýokkam. Şeýle mähribandy kakam sözleri!
ayaz
6 Noýabr 2023
😪😢😥 hakyky
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.