wselennayaa
06.11.2023 09:58

Bu gün ýene mähriň küýsäp,

Golaý ýatdym gyzgyn peçe.

Ýanyp duran oduň howry,

Ýylatmady sen deý eje.


Aýan bolup girip düýşüme,

Sorag berdiň sen ýekeje.

"Gyzym juda ejizläpsiň,

Janyň sagmy"diydiň eje.


Bu gün men ýenede küýsedim,

Göz ýaşlarymy seçe-seçe.

"Öt günämi"merdem gyzyň,

Gowşap ejizledi ýene eje.


Gijeler hasam uzalypdyr,

Ýetmedim men hiç daňa eje.

Bu günki gören düýşümi.

Duýduňmy ýa kalbymy eje.


Noýbalyja unaşyňy içe,

Dertden saplandym niçe.

Bu gün ýene şol tagamlary,

Küýseýär meň göwnüm eje.


Duýýan ýaly meniň halym,

Düýşe girýäň her gün eje.

Seni juda küýseýän men,

Senli günleriň baryn eje.

24
51
wselennayaa
6 Noýabr 2023
@owezgeldiyewa, salam awtoryn blmk arada manyly setrlerde okapdm
owezgeldiyewa
6 Noýabr 2023
Jogap berayin
owezgeldiyewa
6 Noýabr 2023
Awtor kim
wselennayaa
6 Noýabr 2023
@okan, ❤️
okan
6 Noýabr 2023
Ejeler mukadess başa täcdir 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.