Men bu ýolda köp zatlary ýitirdim,
Haýrynadyr, belki, olaň ýitmesi…
Ýol görkezdi azaşamda käteler
Duýgularmyň akla garşy pitnesi.
Öz ýüregmiň emri bilen ýaşadym,
Dumandaky duýgularmy gorjalap.
Syrly sowallary sugşuran gözlem
Soňlanmadyk setirlerme bor jogap.
Gursagyma giňlik guýan ömrümden
Gaýry ýeke şygram döretmändirin.
Men bu ýola düşmek üçin köp zady
edipdim,
köp zadam, gör, etmändirin…
Bu gün göwnüm şatlyk atyn eýerläp,
«Unutdyň!» diýp, gözi ýaşly bakdy gam…
Men bu ýolda köp zatlary gözledim,
Gözlänimden artygragyn tapdymam…