Öz daş sypatyňy unudyp bolar, ýöne içki keşbiňi hem hergiz unutmagyn, şeýtseň, ony hasam gowy edip bilersiň, hasam kämil edip bilersiň. Paýhasa gezek gelende öz tutanýerlidigiňi, üýtgewsizdigiňi, işe gezek gelende nä derejede ukyplydygyňy barlagyn; öz yhlas-höwesiňi synagdan geçir, köňül islegiň çuňlugyny ölçe, ukyp-başarnygyňy mizana sal.
* * *
Iki zat adamyň bahym başyna ýetýär: bir-ä samsyklyk, ýene birem başynagidenlik. Bir topar bendeler ömürlerini näumyt geçirdiler, sebäbi şol ömri saklamagy başarmadylar, başga bir topary şol ömri saklamak islemedi. Edil haýyr-sahawatçy mysaly öz edenine özi begendi, ilem oňa gargyş okady. Kimde-kim hor-zar bolup ýaşamaga howlugýan bolsa, onuňky iki tarapdanam ölüm; kimde-kim ile ýagşylyk edip ýaşamagy küýseýän bolsa, oňa hiç haçan ölüm ýokdur. Köňül saglygy tene-de geçýär.
* * *
Birem ikirjeňlemeýän wagtyň hereket etmeli.
* * *
Kim synçynyň, ylaýta-da, bäsdeşiň, «Aý, şunuňka şowsuz bolar» diýen sözüne ynanman hereket etse, şonuň işi rowaç alar. Eger gyzza-gyzza gelip, paýhas ynam etmese, hyjuw-yhlasyň sönjeginiň ujy iki däldir, onda ol seniň bu eden işiňi barypýatan samsyklyk diýip hasap eder. Edýän işiň paýhasa laýyk däldigine ikirjeňlenýän bolsaň, gorkgun, iň gowusy, şol işi etmekden saklanaý. Paýhas ynamsyz işe baş goşmaga ýol bermeýär.
* * *
Edýän işiňi hemmeler gollamasa-da, ynamly gadam ur, dürs ýöre – akylly-başly iş edip, özüňi ile tanatmak iň uly abraýdyr. Akylly adamlar işiňi oňlasa bolar, olaryň sözi – seniň edýän işiň dogrudygynyň ölçegidir.
* * *
Köp taraplylyk kämillik bilen belentdir – ömrüň baly şudur! Gowy zatlary näçe kän özleşdirseň, şonça gözýetimiň giňär, heý, munuň ýaly-da belent sungat bolarmy!
* * *
Işde-de, söz sözläňde-de paýhasa ten bergin, şeýtseň, mydam işiň şow bolar.
* * *
Dini nadanlyk doly samsyklyga alyp barýar.
* * *
Nadanlara howandarlyk edýänler adamzadyň iň zalym duşmanlarydyr.
* * *
Halkymyzyň başyna düşen betbagtçylyklarynyň taryhyny öwrenýän her bir adam gaty kän işigaýdançylyga nadanlygyň sebäp bolandygyna göz ýetirip biler.
* * *
Beýik üşük – serdarlara degişli. Üşük akyl-paýhasyň täji-tagty, danalygyň hamyrmaýasy. Kimde üşük bar bolsa, onuňky mydam şowunadyr. Bu Allanyň beren iň arzyly sowgadydyr, çünki ondan esasy, ondan gymmatly hiç zat ýokdur.
* * *
Nadanlykdan henize çenli peýda tapan adam ýok.
* * *
Nadana hiç bir halatda bil baglap bolmaz, sebäbi ol baryp ýatan kezzabyň elinde mydama gowy ýarag bolup hyzmat edip biler.
* * *
Bilmeseň – toslap başlaýarsyň.
* * *
Gowy at al, şol adyňy-da sakla!
* * *
Her bir zada baha berenlerinde, nyrh kesenlerinde, şol zadyň hakyky bolşuna däl-de, eýsem köplenç daş görnüşine garap baha berýärler. Düýp özenine seredýän az-azdyr, her kim görer göze nähilidigine seredýär, oňaýýar.
* * *
Gorkamyzda hemem üstümize howp abananda, gudrata ynanjymyz artýar.
* * *
Adamlar dünýä inenlerinde arassaja bolup inýärler. Diňe soň olary ata-eneleri musulman, ýehudy, hristian ýa-da butparaz edýärler.
* * *
Yrymy döredýänem, saklaýanam, goldaýan hem – gorky.
* * *
Gudratly diýilýän zat – nadanlygyň zürýady, şol hadysa näçe geň bolsa, näçe uly bolsa, şonça-da ägirt gudrat döreýär.
* * *
Hristianiniň dowzahdan gorkmasyny aýyrsaňyz, ony dinden hem aýrarsyňyz.
* * *
Adamyň yrymçyllygy – gorkaklygyndan! Onuň gorkaklygynyň sebäbem – nadanlygyndan.
* * *
Eý, yrymçyl bende! Tebigata dolan, ol seni köşeşdirer, kalbyňdaky ähli gorky-ürkini ýok eder!
* * *
Akyldarlar ruhanylar hakda köp ýaman zatlar aýdýarlar, ruhanylar hem akyldarlar hakynda öwgüli söz aýtmaýarlar. Emma akyldarlar hiç haçan ruhanylary öldürmediler, ruhanylar welin kän akyldarlaryň kellesini aldylar.
* * *
Geň zatlara entek gudratly zatlar diýmek bolmaz.
* * *
Yrymlar adamy gowşadýar, ker edýär...
* * *
Sungatsyz hakyky ýaşaýyş ýok!
* * *
Pelsepe okaýan adamlar, görýän-eşidýän bolsaňyz, kän bir halanyp hem barlanok, ýogsam pikir edip bilýän adamlar şonsuz oňup hem bilenoklar, bu olaryň esasy işi.
* * *
Kimem bolsa biriniň göwnünden turmanlygy sebäpli kämil zat egsilmez – kim gowkyny söýer, kim gaýkyny diýleni ýaly.
* * *
Her awyň öz awçysy bar: birine bir zat ýaramady diýip gynanma, oňa gadyr goýýan hem tapylar.
* * *
Beýik adamlar gaty kän zady içine sygdyryp bilýärler, özem her eder, hesip ederler – dargursaklyk etmezler, muny ile peçan etmezler.
****
Kän oýlanylyp, haýal ýazylan eser üýtgeşik kämil bolýar. Ol akylyň, ruhuň miwesi.
* * *
Sungat diňe bir ahlak serişdeleriniň üsti bilen ahlak täsirini ýetirmän, eýsem sungatyň berýän lezzetiniň özi ahlaklylygyň üsti bilen bolýar.
* * *
Durmuşdan üzňe sungatyň ýaşamaga haky ýok.
* * *
Hiç bir esere ilki alan täsiriň bilen baha berme. Ilkibaşda saňa ýaran zadyň mydama iň gowy bolmagyna kim kepil geçer?!
* * *
Sungat adamlary agzybir etmegiň serişdeleriniň biridir.
* * *
Sungatdan lezzet aljak bolsaň, çeperçilik taýdan sowatly bolmagyň gerek.
* * *
Çeper eser hökman bir uly pikiri aýdaýmaly. Diňe çynlakaý zat gözel bolup biler.
* * *
Eserde belli bir aýdyň pikir bolmaly. Siz özüňiziň näme üçin galama ýapyşandygyňyzy bilmeli, ýogsam bu owadan ýoldan bimaksat ýöräp gidip otursaňyz, hökman azaşarsyňyz, şeýdip, zehiniňiz sizi heläk eder.
* * *
Baýlaryň ýanynda elgarama adamlary bolýar, ilki bilen, sungatam şonuň ýaly, hökman olaryň ýanynda-da keseki bir göwre bolaýmaly.
* * *
Hakyky ýazyjy batyrdyr, ýogsam talant akyla sygjak zat däl.
* * *
Sungaty çyndan gowy görýän söz ussady hiç wagt özünden razy bolup oturyp bilmez, ol barha öňe gider.
* * *
Diňe kämil ussat kämil eser döredip biler.
* * *
Çeper usuly çeper pikirden aýryp bolmaýşy ýaly, çeper ussady-da danadan aýryp bolmaýar.
* * *
Ýazyjynyň esasy borjy eserleri bilen halkyň ruhuny götermeli. Ýaşaýşa, zähmete, agzybirlige, watansöýüjilige, beýik ahlaklylyga ruhlandyrmaýan eser hakyky eser däldir.
* * *
Men elime kitaby köplenç ýadawlygymy aýyrmak, lezzet almak üçin alýaryn. Ýadawlygymy aýryp, göwnümi galkyndyrýan eserlere aýratyn gadyr-hormat goýýaryn.
* * *
Men kitaby durmuşyň dogruçyl beýanyny görmek üçin okamaýaryn. Durmuşdaky görüp ýören zatlarymy kitapdan okamagyň näme zerurlygy bar. Durmuş – çeper eser. Maňa durmuşyň hakykaty ýeterlik. Men çeper eserden ýazyjynyň durmuşa çeper garaýşyny görmek isleýärin. Men eserde ýazyjynyň joşgunyndan, hyýalyndan dörän durmuşy garaýyşlary görmek isleýärin. Ýazyjynyň arzuw-hyýallarynyň meniň kalbymy heýjana salmagyny isleýärin.
Çeper eserde ýeke bir ýol – ol ýol hem ruhanalyk ýoly bolmaly.
* * *
Ýazyjynyň şahsy bähbidi sungat eserini öldürýär.
* * *
Sungat ussady hem taryhçy, hem şahyr, hem pelsepeçi, hem synçy bolmaly. Bu hut şeýle hem – ähli sungat ussatlary alym adamlardyr.
* * *
Her bir halkyň ýaşaýşy özüne, diňe şol halka mahsus bolan görnüşde ýüze çykýar, şoňa görä-de, dogry beýan edilen bolsa, şol eser hem halkydyr.
* * *
Sungatyň güýjüne äňediň: göräýmäge, hiç bir üýtgeşik taryhy bolmadyk zat sungatyň üsti bilen umumy ähmiýete eýe bolýar, ol indi hemmeler üçin gyzykly. Adam barada-da şeýle – şu çaka çenli özüne üns bermedik adam özüne täze ömür peşgeş beren nakgaşyň çotgajygy arkaly indi dünýä belli boldy.
* * *
Hakyky nakgaş asyrlardan gelýän ýalňyş düşünjelerden gorkman, öz pikir-duýgusyny beýan edýär.
* * *
Güljagazyň içinde gizlenip ýatan süýjüje lezzeti diňe balary bilýär. Çeper ussat hem herki zatdan gözelligiň yzyny tapýar.
* * *
Ýazyjy diňe gözlän halatynda okyjy hem onuň bilen bile gözlege çykýar.
* * *
Her bir çeper eser özüni döredijiniň ýüz görülýän aýnasydyr, ol özüni näçe tanatmajak hem bolsa, muny başarmaz.
* * *
Gaýtalamak – okuwyň enesidir diýen pähimi soňky döwürde örän köp gaýtalaýarlar, bu pikir bu gün has ýörgünli, ýöne gaýtalamak döredijiligiň zalym duşmanydyr.