wselennayaa
05.11.2023 10:54

Kesek bilen uruň agyrmaz jany,

Ýuka ýürekdedir ýaraly yzlar.

Gaýryň söze aglar,egmez başgany,

Gözi ýaşly güller kakasyz gyzlar.


Enäň gadryn iň köp olar bilýändir,

Kaýyl hyzmatynda epilse dyzlar.

"Kaka"-diýseň uludan dem alýandyr,

Gadyr biliň kakasy bar şagyzlar.


Duýuň,nala çekýän ýürek gohuny,

Beýanymdan aglap durka kagyzlar.

Almaweriň şol ýürekleriň ahyny,

Bitmez ýaralydyr kakasyz gyzlar.

28
63
okan
6 Noýabr 2023
👍👍👍😔🥺
sazsoft
5 Noýabr 2023
😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.