"Döwür geler dogan-dogandan geçer
Demirler asmanda ganatlap uçar
Zenanlar oturup meý-şerap içer
Her öýde bir tamdyr bolar ýaranlar"
Bu setirler internetde Magtymguly Pyragynyň ady bilen ýerleşdirilen.Muny ýazmak bilen aýtjak bolýan zadymy ilkibaşdan aýdanym artykmaçlyk etmez. Bu goşgy Magtymgulynyň ýazan goşgusy däl.
Takmynan bäş-üç ýyllykda internetde peýda bolan, köpleriň diline düşen bu goşgyny kim ýazypdyr bilmeýäris.Ýöne okyjy köpçüliginiň aň-pikirini garjaşdyryba bildi.Goşgynyň anyk ady hem ýok. Näbelli awtoryň bu goşgyny beýik Pyragynyň adyndan näme maksat bilen çykaranlygy-da, muny ile ýaýratmak bilen näme peýda görýänligi-de belli däl.
Geň galdyrýan ýeri bu goşgynyň Magtymgulynyň goşgusy däldigine köpler ynanybam baranok. Gaýtam ýokardaky bendi okap, Magtymguly atamyz şeýle keramaty güýçli weli bolupdyr, boljak zatlary öňünden bilip, aýdyp geçipdir diýýänler aşa köp.
Agzalan bu setirleriň Magtymgula degişli däldigini şu aşakdakylar bilen delillendirip bolar :
Birinjiden, Magtymgulynyň häzire çenli neşir edilen kitaplarynyň arasynda beýle goşgy ýok. Ylymlar Akademiýasynda golýazmalar bilen iş salyşan we häzirki wagtda şu ugurdan işläp ýören işgärler hem bu goşgyň golýazmasyna duşmandyklaryny aýdýarlar.
Ikinjiden, goşgudaky sözlemleriň aglaba bölegi many tarapdan alnanda beýik akyldaryň aýtjak sözlerine asla meňzemeýär. Ýokardaky dört setiri mysal alaly :
1 - nji setir : " Döwür geler dogan-dogandan geçer " - Iki - ýeke dogandan geçen her bir döwürde-de bolup biler, ýöne ol döwrüň geçmegi bilen azalybam baranok , köpelibem baranok.
2 - nji setir. Belli bir zat aýtmak kyn welin, birwagtlar uçaryň döräp biljekdigini beýik akyldar aňypdyr diýäýenimizde hem ol Gurhandan ýa-da pygamberimizden öňe geçip, "Demirler asmanda ganatlap uçar" diýip köpbilmişlik satyp ýörer öýtmeris.
3 - nji setir : Meý tapsa iki-ýeke ogryn-dogryn içýän zenan atam döwründe-de bolsa bolandyr, häzirem bardyr. Yöne oturup toparlanyşyp meý, şerap içip ýören zenanlary göremzok. Akyldar şahyr umumy zenanlaryň adyna beýle göwnedegiji ( töhmet diýsegem öte geçdigimiz bolmaýar ) aýtjakmy, eýsem !? Galyberse-de din ugryndan alanmyzda meý içmek aýallar bilen deň hatarda erkeklere-de gadagan dälmi, eýsem !?
4 - nji setir : Tamdyra gezek gelse weli, häzirki döwürde öňden bar bolan obalarda-da azalmak bilen. Dogry zada dogry diýmeli , halkymyz çörekden ýa iýmitden- ä hor bolanok. Şäher bolsun, oba bolsun dükänlar çörekden doly. Şol sebäpden tamdyrlaram azalmak bilen. Tamdyryň azalyp ýa-da köpelmegini halkyň agzybirligi bilen baglanyşdyrmak ir gadym alamançylykly döwürlere - Magtymgulynyň öz ýaşap geçen döwürlerine degişli diýip düşünýäris.
Magtymguly Pyragynyň bize galdyran öwüt-nesihatlary, aýtgylary geregiçe ýeterlik. Onuň aýtmadyklaryny aýtdyrjak bolmaklygy ýa-da aýdanlaryny öz bähbidiňe görä kesä çekip ulanmaklygy özümizä şol ýagşyzadanyň abraýyna kesek atmak diýip bilýäris.
Internedi okasaňyz okaň welin, arasynda nusgawy şahyrlaryň öz kitaplaryny okamagy hem unutmaň !