wselennayaa
04.11.2023 20:03

Begenjiň öz halaşýan gyzy bar eken. Aýdyşyna görä "Kakasy bir edaranyň başlygy, üç oglundan soňky ýeke gyzy, söýgülenip saklanan gyz". Begenjiň ýüzünden asyl gyzyň özüni däl, olaryň baýlygyna höwes etýänligi mese mälim bildirip durdy.

Gudaçylyga gidilip, galyň geçirildi. Şatlyk şowhun b/n toý dabarasyny tutdylar. Menem öz ornumda ýigit ýeňňe derejesini alsamda, gaýynym b/n Begenje ýüz beremokdym.

Kyrk günläp gelin sülmüredi. Sylanlar çörege çagyrdy. Geline iş buýuranam bolmady. Körpe gelinlik derejäni artykmajy b/n görkezdiler. Arasynda gaýynym b/n gidip, bazara aýlanýadylar. Gelibem ýanymda " Gaýynym täze ony alyp berdi, muny alyp berdi" diýip, öwünip aýytýan wagytlary kändi. Başdan meniň düşen ýagdaýymy bilipdir. Şol barada bolgusuz gürrüňleri köpeldip başlady. Şu öýde derejämiň pesdigini pursat tapdygy bidirip durýardy.

Bir tomusyň güni. Yssydan adam gowurlup barýardy. Aşhanada agşamlyk naharyň ugruna çykdym. Ýanyma eltim, Selbi geldi. O diýip, bu diýip birzatlar gürrüň berýärdi. Diňleýän ýaly bolup, öz işim b/n gümra bolup oturdum. Palaw ataransoň, käşirleri içine dograp bir gyrada goýdum. Gelip, olary iýmäne durdy:

-Wah seniňem gara günüň şeýledä. Sen etýäň, men edeniň miwesin ýygnaýan. Şu öýde köne ulanyjy ýaly bolup ýörsüň.

Bu sözleri eşidip beýnime gan çogdy. Ol maňa gysgaça " Sen meniň gyrnagymsyň" diýip durdy. Eýsem mende muňa düşünmez ýaly beýni ýokmy?!... Soňra ýalan ýylgyryşym edip:

-Waheý, eltibaý, seniň habaryň ýokdy öýütýän. Sen meniň könämiň eýesi ahyryn.

Bu sözleri eşiden Selbiniň, ýüzi gyzaryp, gahardan çogdy. Ol meniň näme diýjek bolýanyma gowy düşündi. Gözün alardyp "içim gysýar bärde" diýip gitdi. Sessizje gidenine begensemde bir zadyň boljagyny aňýardym. Sebäbi Selbiniň ary hiç-hili ýerde ýatmaly däldi....

Begenç işden geldi. agşamlyk naharynam sowduk. Öz jaýymda Daýanjyň eşiklerini ütükläp otyrdym. Gürsäp gapyny urup Begenç girip gaýytdy. Gapyň agzynda Selbi gözlerin oýnadyp durdy. Eýýäm ýagdaýy aňdym. Begenç elini haýbatlandyryp:...

Sen meniň gelinime könemi diýersiň, Hä! Oňa el galdyrmana eliň nädip barýar, diýip ýaňyrak öçürlen ütügi aýama basyp, ütügi ýere zyňdy. Elimi elinden çekip alyp:

+Selbä el galdyrylmanyny menem, Selbem, Allatagalada bilýär.

Sen diňe ýalanlara ynanyp ýören gurjak.

-Sen diliňden galasyň gelýär öýütýän diýip, öňe tarap atyldy. Gorkup yza nädip tesenimem bilmän galdym. Onýança-da ýakasyndan ýapyşan Daýanç, gapa süýräp çykardy. Bir zat ederinden gorkup yzyndan bardym. " Aýalyň eden işini bilýäňmi?!" diýip, Begenç gygyrýardy. Gapyny ýüzüme ýapyp kowup goýberdi.

Selbi Begenji gowy gepden doldurupdr. Hat-da etmedik işimem etdi diýipdr. Daýanjyň Begenje gaharlydygyny ýüzünden aňyp bolýardy. Doganlaryň arasy açyldy.

Derrew Daýanç türkmenleň emin edip, elime dyzly şerebäni basdy...

Daýanja ähli bolan zatlary düşündirdim. Olam "Bolýar gynanma" diýip göwünlik berýärdi. Daýanç häzr gelerin diýip gitdi. Çykanam şoldy welin, gaýynenemem yzýanyndan geldi. Sen şeraý albassy. Ahyryn ýüregiňde galan aryňy aldyňmy. Iki doganyň arasyn açdyň. Dogan bolup biri-birilerine el galdyrypdyrla. Için gülüp durandr, hä. Dogman geçen ýerçeken>> diýip, agzyna gelenini söwüp gitdi. Gapyda duran Selbä "Ýör gyzym, aglama. Ýaraşarlar" diýip, äkitdi. Gorünüşe görä, Selbi gaýynenemem gepden doldurup özüni akja jüýje edipdir. Eger gaýynymada ses çykaran bolsam bu öýüň soňy näme barjagy belli däl. Bir iki günden soň Daýanç b/n doganyň arasy düzeldi. Bu wakany ýapypdyrlar. Ýöne men ýapmadym. Töhmet b/n gören günüm göz öňümden gidenok. Elime-de ýanygyň yzy bar. Olam wagtal-wagtal ýatladyp durýardy.

Wagyt geçip dur. Selbiniň gep gürrüňleri köpelýärdi. Begenji inni özüne ýoldaş däl gul edipdi. Selbi gaýynymy ýamanlaýan wagty Begenç gelip, gygyrardy. Gaýynym hem Selbiniň ýagdaýyna soňabaka düşünip başlady... Soňabaka Selbi bezenip-beslenip Begenç işden gelýänçä bir ýerlere giderdi. Telefonda gürleşmelerem köpeldi. Begenji ozüne doly öwürensoň biziň ýanymyzda arkaýyn gymyldaýardy. Bir gün Selbi uzakly gün telefonda gürleşdi. Begenjiň geleninden habary ýokdy. Begenç Selbiniň şady-horam sesine diňşirgenip, otagyň gapysynyn agzynda durdy. Diýýän sözlerini eşidip Begenjiň gany çogdy. Kürsäp girip, Selbiniň bokurdagyna ýapyşdy. " Sen şeýdermiň hä. Sen maňa şeýdermiň" diýip içine depdi. Selbi agyr urga çydaman, agzyndan gan getrdi... Begenç almytyň şudy diýip, daşaryk çykdy. Gaýynym b/n men baryp Selbiniň ýüz gözüni ýuwduk. Içini daňyp owkalap birazrak bolsa-da özüne getirdik. Şol ýagdaýda "Siz aýytdyňz gerek görübilmezler. Etjek işime serediň indi, durmuşyňzy burnuňzdan getirerin" diýip, haýbat atýardy. Öz ýanymdan bu hiç haçanam düzelmeýä diýerdim. Bir günden soň gowy özüne geldi. Bizden habarsyz bar goşlaryny jemläp oýüne gidipdr. Agşamara Begenç işden gelensoň haýady dürsüldedip biri kakdy. Baryp açsam Selbiniň agalary. Garşy tarapa meni itip Bagenç nirde sen Begenç. Özüňe erkek diýip, bir naçara güýjüň ýetýän gel saňa erkekligi görkezeýin diýip gygyrdylar. Eýýäm düşünipdik. Selbi öýe gidip ähli zady aýdypdyr. Begenç gelenem şoldy üýşüp üstüne çozdular. Begenç ýekelenip hijisine güýji ýetmedi. Daýanjam görüneberenokdy. Gaýynymam beýitmäň balamy diýip dyzyna çöküp ýalbardy. Sen şeýdip içine depermiň. Şeýdibem urarmyň diýip oglanlaram Begenji urdy. Ahyryn Begenç bar güýjün toplap, töňňäň üstünde duran paltany ylgap baryp aldy. "Geläýmäň" diýip, paltasy b/n haýbat atyp durdy. Olar ýanyna ylgap baryp, biri paltany aljak boldy birem Begenji urjak... Hana şo ýagdaýda ýalňyşlyk b/n urjak bolan oglany, Begenç böwründen paltany geçirdi. Çapylan oglanyň birden çygyrmasy gulagymyzda ýaňlandy. Gaýynym waý Allam diýip özünden gitdi. Iki oglan bolsa agam diýip çapylan oglany tutdylar. Ylgap maşyna salyp hassahana alyp gitdiler. Men hassahana jaň edip lukman çagyrtdym. Gaýyneneme seretdirdim. Begenç hem gözün gorkuzyp, daňňara daş ýaly howlynyň ortasynda gymyldaman oturdy. Şol wagt hem haýatdan täze adamlar geldi. Çykyp görsem polisiýa işkärleri. Alladurdyýew Begenç biziň b/n gelmeli, diýip Begenjiň eline zynjyr dakylan. Gaýynym b/n men derrew daşaryk çykdyk. Elindäkini görüp, öz elimiň aýasynda galan ýara seretdim. Zynjyram görüp ýylgyrdym. Begenjiň meni görenini bildim. Onuň soňky sözleri "Bagyşla, Läle" bolupdy.

Begenji "Aýala el galdyranlygy üçin we adamy ýaranlygy üçin" azatlykdan boşatdylar. Ejesi hem indi meniň yzymda kökenek. Selbem ikinji ärine gaçyp gidipdi.

Men wagtynda ykbalyma sessizlik b/n kaýyl bolupdym. Gör neneňsi agyrdy şo ýagdaý. Ýüregimde bitmez ýara bolup galarmyka öýdüpdim. Asyl-ha ýürekdäki arymy, bu pany olardan aldy.

29
186
flow
29 Mart 2024
👍👍👍👍♥️❤️♥️❤️♥️
orazovaa
6 Noýabr 2023
0913
5 Noýabr 2023
😔😢
wselennayaa
5 Noýabr 2023
@zoluska, ❤️
zoluska
4 Noýabr 2023
Durmuşda bagt diýip tutanyň puç bolsa bu gaty agyr ýagdaý onda-da toýdan soň bilmek..... Hemme zat üýtgeýär hiç zat öňkisi ýaly bolmaýar daş töweregiň çäresizlikden dolýa... Hiç kimiň başyna düşmesin beýle ýagdaý! Eserde Lälä kömek eden zat Daýanjyň lal bolsada sylaşygy aňdüşünjesi ýerindedigi!
wselennayaa
4 Noýabr 2023
Dowamy yok)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.