tmyigit76
04.11.2023 15:23

Men-menlik






Pederlerimiz ynsan häsiýetiniň onuň görk-görmegine, döwlet-rysgalyna,

bagtyna täsir edyändigini nygtapdyrlar. Bubarada il arasynda şeýle tymsal teswirlenýär.


Ir zamanda bir barjamly adamyň eli hünärli, owadan, akylly gyzy bolupdyr. Oña bir begzada üçin sawçylyga gelipdirler. Sawçylar batylykda, görk-görmekde öňüne geçjek adamyň ýokdugyny aýdyp, ýigidi öwüpdiler. Perdäniň añyrsynda oturan gyz bu sözleri diňläp, ene-atasyna begzadanyň

öýleriniň penjiresiniň öňünden

geçmegi sorapdyr. Ýigit iki sany

deň-duşy bilen penjiräniň öňünden atly geçip barýarka, gyz penjiräň tutusyny çalaja galdyryp seredipdir. Dogrudan-da, ýigit syratly, edermen, hoşsypat görnüpdir. Şol pursat niredendir bir ýerden bir köpek peýda bolup, atlylaryň

öñüni kesip geçipdir. Ýigit şonda özüni görkezjek bolup, köpegiň üstüne atyny debsäp, sürüpdir. It diňe bir üýrmän, ata topulypdyr. At ürküpdir, üstündäki ýigit bolsa atdan agman otursa razy bolupdyr. Gyz bu ýagdaýy görüp, güljeginem bilmändir, gaharlanjagynam. Ýöne

ene-atasyna:

-Köpek ol ýigide «men-menlik» edip, degmedige degmeli däldigi barada gowy sapak berdi. Meni beýle kelpeň ýigide bermäň. Indi onuň görk-görmegi, batyrlygy gözüme görnenok. Sebäbi onda ýagşy gylyk ýok eken. Ýagşy

gylyk bolsa ýagşy günüň açary - diýipdir.

38
116
tmyigit76
4 Noýabr 2023
@Serwi, 🙂👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.