kizz
04.11.2023 14:12

Mugallymçylyk hakynda parasatly aýtgylar


Mugallymyň iň ýokary sungaty döredijilikli aňlatmagyň we bilim almagyň şatlygyny oýarmak ukybydyr.


Albert EÝNŞTEÝN.


Mugallym talybyň akylynyň sapagy özleşdirip biljek mukdaryna görä ders bermek bilen çäklenmelidir we onuň akylynyň çatmajak zatlaryny sapaga girizmekden saklanmalydyr.


Muhammet GAZALY.


Öwredip öwrenýäris.


SENEKA.


Terbiýe üç zada mätäç: zehine, ylma, türgenleşige. Mugallymyň talapkärligi atanyň mährinden ýegdir.


Pars pähimi.


Mugallym üçin iň uly şatlyk öz okuwçysynyň öwülmegidir.


Şarlotta BRONTE.


Gaýtalamak bilimiň enesidir, ýöne döredijiligiň ganym duşmanydyr.


L.MARTYNOW.


Başgalara öwredeniňde has çalt hem gowy öwrenýärsiň.


Roza LÝUKSEMBURG.


Biz öwredýänlerimizden öwrenip bilýäris


J.HELEMENDERIS.


Eger mugallym diňe öz kärini söýýän bolsa, gowy mugallym bolar. Eger-de mugallym işini-de, okuwçylaryny-da söýýän bolsa, ol kämil mugallymdyr


N.TOLSTOÝ.


Aýdýan zatlary bilen edýän işleri çapraz gelmeýän mugallym gowudyr.


Katon SENZOR.

29
72
altyyeva
4 Noýabr 2023
Öwredip öwrenýäris 👍
nabat_
4 Noýabr 2023
👍❤❤
tmyigit76
4 Noýabr 2023
Mugallym mugallym gör ne beleny at. Senden tälim alýar ähli adamzat
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.