altyyeva
04.11.2023 13:27

Diýmeseňde : " Ykbalymsyň!"

Gursagymda çep ýanymsyň,

Gül göwnümi ýykmanymsyň.

Sen, hatda, öz-özümdenem,

Kä gysganyp bakýanymsyň.


Ýaşaýar senli arzuwym,

Ujypsyzja umyt bilen.

Dünýä içre öz dünýämde,

Hiç ýaşmaýan Güneşimsiň,

Indem ýaşyp gitme sen.


Ömrümiň salgymy däl-de,

Bagty bolup gal hemişe.

Tutjak boldugymça gaçan,

Kebelek ýalymyň, eýsem.


Gussalardan halas etjek,

Ýaşap ýören ahwalymsyň

Ýitiren bolsamda sen meň,

Aýap ýören ykbalymsyň.


Isa Hojamerdanow

29
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.