altyyeva
04.11.2023 08:38

Möjek garrap ýa keselläp ölüm karkarasynyň ýakynlandygyny aňanda sürenini, höwürini terk edip gidip, ýalňyzlykda gözüni hemişelik ýummaly. Garamatyňy başganyň üstüne atyp, mürtüni iýjek bolmaly däl. Bu möjek kanuny. Şony oňarmaýan bilen möjegiň hasaby nagt. Şo gezek hem şeýle boldy. Ene möjek hem öz başyny çarap bilmeýän ýoldaşynyň bokurdagyny çeýnedi. Indi bir aý bäri bolsa ol ýeke.


***


Gurt eşegi halamaýar. Ol, hon-ha, dowarlaryň arasy bilen barýar. Üstüne çopanyň oduk-buduk zady atylypdyr. Ony synladygyça möjegiň myrryhy atlandy. Sebäbi eşek, gorkaklygy üçin bolsa gerek, möjegiň ýa başga bir ýyrtyjynyň ýakyndadygyny itdenem, goýunlardanam öňürti duýýar.


***


Gurt özüne gelip, diriligine ynanman, esli ýatdy. Kellesinde, guýrugynda erbet agyry duýdy. Guýrugynyň ýokdugyny görüp, uzyn-uzyn uwlady. Guýruk onuň namysydy ahyryn! Buýsanjy bolan guýrugynyň aýrylmagyna namys edip, esli günläp çyňsap gezdi. Hiç bir janly-jandara görünmezlige çalyşdy.


***


Çäge tümmejiginiň üstünde çommalyp oturdy-da, iki öň aýagyny galdyrdy. Bu möjegiň toba geldigidi.


***


Gurt aw tapman gyrtyçdyr ýelmik iýmäge başlady. Ol öňler oty garnyny etden doýrup iýerdi. Şeýdende bogazyna ýetip duran etler ylgadygy agzyndan çykjak bolup durmazdy.


***


Çem geleniň malyny parçalp ýören gurtlaryň ýoly bir gün Gylyçlaryň öýüniň üstünden düşdi. Olar sähel salymda bir sygry, iki goýny parçalap, ganlaryny içip gitdiler.


***


Gylyç ejesiniň gapan gurşuna – onuň üstüni çöp-çalam bilen örtüp, töweregine çüýşejikden nämedir bir zat sepişine syn etdi. Ejesi çüýşedäki suwuklygyň möjegiň peşewidigini, del peşewiň ysyny alan gurduň bu ýere derrew geljekdigini, kakalarynyň hem hemişe şeýle edendigini iş arasynda ogullaryna gürrüň berdi.


***


Süriniň itlеri ýаýaldy, gоrkakdy. Мuny möjеk itlеriň üýrüşindеn bilýärdi. Gоrkak itlеriň üýrüşi-dе pöwhе, müýnli bоlýardy. Süriniň çopanlаry-da edenli däldi. Muny-da möjegiň öz aňyşy bar. Edеnli çoрanyň iti ýаýal bоlmaly däl, çоpanyň bоlşy itе ýörеlge bоlmaly. Мöjek bu çaklamаsy bilеn köрlenç mаmla çуkýar.


***


Sürä daramak üçin möjegiň amatly hasaplaýan wagtlary bar.

Süriniň alysdan aryp gelen Aý aýdyň gijesi gurduň işiniň bitmesi o diýen kyn däl. Goşa myhman gelen gijesi-de onuň işiniň bitmesi aňsat. Myhman gelen gijesi goşda çopanlaryň myhmanlara zyýapaty başlanýar. Şowhun, aýdym-saz... Olar daňdana golaý kiparlaýar. Şol wagt adamlar möjek kowalamaga, tüpeň götermäge ýaramaz. Itlerem adamlar arkasynda durandygyny duýduryp: «Haýt-haýtlary!» bilen gylawlandyrmasalar, judabir batyrlyk edibermezler. Onuň üstesine-de, myhmanlaryň hormatyna soýlan malyň etiniň ol-bu ýerinden iýen itleriň garny gerk-gäbedir. Dokluk bolsa ýaltalygyň ýarany. Olar möjegi kowalamaga-da ýaltanarlar.



Osman Öde " Möjek kanuny " powestinden...

22
85
4982
5 Noýabr 2023
👍👍👍
tmyigit76
4 Noýabr 2023
Itlerem uzaga gidil ölýämiş dp eşidipdim. Möjekler günde 11 kg et iýip, uzak aralyga baryp çagalaryna iýen etinden (içinden) çykaryp berýämiş
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.