Bagtym bol sen
11.04.2020 12:45
Çöwrüp geýäýmeseñ indi dünýani.
Düzüw ýüzä indi ,geýer ýaly bolmady.
Bir gidäýseñ umyt bilen yadaman.
Soñ öwürlüp geler ýaly bolmady.

Deñizlera galkdy, joşdy derýalar.
Kimler sağa,kimler sola barýarlar.
Aglasañ gülýärler,gülseñ urýarlar.
Aglar ýaly,güler ýaly bolmady.

Dünýäñ özem aljyraýar şu günler.
Kine doly, kituw doly göwünler.
Şeýlebir çiglipdir,çiglen düwünler.
Çapaýmasañ çözer ýaly bolmady.

Derdimiz kän haýsy birin aýdaýyn.
Dünýä señkidena kyn meñ yağdaýym.
Seni munda goýup gidip arkaýyn.
Umyt bilen öler ýalam bolmady! ?
11
381
Bagtym bol sen
11 Aprel 2020
Bilemoga Gülhan avtory yazylmandyra?
Gülhan
11 Aprel 2020
Gowy goşgy eken.! Awtory kimkä Kümüş? ?
Guga02
11 Aprel 2020
???
Aycicek
11 Aprel 2020
Diyseň gowy?
Bagtym bol sen
11 Aprel 2020
Dogry aýdypdyr.dünýani uytgedip bolmaza pikir uytgedip bolar.?
CARY65
11 Aprel 2020
Dünýe biziň pikir edişimiz ýalydyr,ýagdaýyň göwnüňe ýaranokmy,pikirňi üýtget—diýipdir biri.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.