taganowa_
03.11.2023 23:21

Adam kellesiniň görnüşleri:

1. "Bir kişiniň kellesi agzasyna görä bolsa , togalak bolsa, depesinden damarlar we ýaralar bolmasa, biraz ýeňsesine egilýän bolsa, boýny biraz pes (kelte) bolsa, iki gulagynyň ýokary ýany depesine çykynça bina kimin düz bolsa- bular ol adamyň akylynyň ýetik, düşünjesiniň ýiti, pikiriniň dürs, hyýal- oýunyň dogry, ýatkeşliginiň örän güýçli we ahlagynyň gözeldiginiň delilleridir".


2. "Eger bir kişiniň kellesi bedenine laýyk bolmasa, ýagny kiçi bolsa, onda bu ýokarda beýan edilen sypatlaryň ters tarapy bolup, ol adamyň kemakyldygynyň delilidir".


3. " Eger bir kişiniň kellesi togalak, uly we ýokarylygyna uzamasa, onda bu ol adamyň ýokary hümmetli, düşünjeli hem dogruçyl adamdygynyň delilidir".


4. " Eger bir kişiniň kellesi öňe garşy az-kem egrelen bolsa, onda bu ol adamyň niýetiniň ýamandygynyň, nebsiniň özünden üstündiginiň, isleglerine garşy gidip bilmeýän, höweslerine tabyn bolýandygynyň delilidir".


5. " Eger bir kişiniň gulaklary kellesiniň iki gapdalyndan has çykyp duran bolsa, onda bu ol adamyň göripdiginiň, erbet häsiýetlidiginiň, ýaramazlyga meýillidiginiň delilidir.


6. " Eger bir kişiniň kellesiniň öňi, yzy we gapdallary ýumry bolsa, onda bu ol adamyň nadandygynyň, nebsewürdiginiň harsaldygynyň, üýtgäp durýan häsiýetlidiginiň delilidir".


7. " Eger bir kişiniň yza tarap egriräk we ýeňsesi ýumry bolsa, onda bu ol adamyň alymdygynyň, üşüklidiginiň akylynyň we ahlagynyň gowudygynyň delilidir".


8. "Eger bir kişiniň kellesi örän uly bolup, bedenine uýmasa, onda bu ol adamyň akmakdygynyň, niýrt-oýunyň bozuk we pikiriniň mydama üýtgäp durýandygynyň, belli bir pikiriniň ýokdugynyň delilidir".



Halan bolsan like bas!

19
57
tmyigit76
4 Noýabr 2023
@12445, 😁😁 şeýdäý
tmyigit76
3 Noýabr 2023
Erbet taraplaram görkezýänler ba ekenä 😌
altyyeva
3 Noýabr 2023
🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.