Dowran...
11.04.2020 10:49
Seni söýüp

Seni söýüp ýetdim uly mertebä,
Kän şygyrlar ýazdym, aklym alan ýar.
Şahyr diýip bilinemok enteg-ä,
Il içinde “Daňňy” diýip tanalýan.

Ýola çyksam, aýdym aýtdym höwesli,
Bu duýgyny rowa görmän her kime.
Maňa birje ýyly sözleriň besdi
Hemem “göz”, “dil” degmese bor görküňe.
Sözlük gorum gutarypdyr gepläre,
Ýar edinip söýgi atly kärimi.
Gözläp ýörün sözlemlemmi sepläre
Sintaksisiň dördünji bir tärini.
Aýdyp ýörün menem şol bir sözleri,
Bolmadymy söýgä delil ederlik.
Öz erkine goýbereli gözleri,
Bize düşnüşmäne şo-da ýeterlik.
Hawa, gözler sagdyn bolsun elmydam,
Duýgulammyz asla yza tesmesin.
Ýüreklerde hyjuw barka bir mydar,
Bagta uzap gitjek söýgi beslesin.
(Didelemmiz gürleşmesin kesmesin).

Dañatar Galpakow
11
1 192
Citc8rcr8cy8jn
11 Aprel 2020
Anewem ahala?
Dowran...
11 Aprel 2020
Dogry gaty gowy men size gokdepelidir oydip yordim ahal diyip yazylgy welin
Citc8rcr8cy8jn
11 Aprel 2020
Howa okuwcy nesip bolsa su yyl gutarmaly orta mekdebi,Anewden howa
Dowran...
11 Aprel 2020
Bolya
Citc8rcr8cy8jn
11 Aprel 2020
Ay bolyala hiclay.men bas min cykmaly birsalymdan gelyan adamlar
Dowran...
11 Aprel 2020
Ay yoklay yone birhili boldum yuzine bir seretdimde sesimi cykarmadym
Citc8rcr8cy8jn
11 Aprel 2020
Haha sonda gaharym geldi diyayda kop adama garra yuzlenyan yaly yuzlensen halanoklar blmk 25-30 yasa yetemde dusunaymesem su wagta dusunemok nm ucin,men sana garryja dayydyr oytdim gyzlar dayy diyya welin yokardaky 87nem yyl dal yas diyip dusundim☺️???
Dowran...
11 Aprel 2020
Merjen sena okuwcy bolmaly yalnysmasam gokdepemi ya anewmi
Dowran...
11 Aprel 2020
Ay howa ka wagt seyle bolya ozimden bir yas uly bir gyz ay gelinda aljyradymy namemi mana dayy diyda bir gezek
Dowran...
11 Aprel 2020
Ay howa men bilyan zadymy aytjak bolup gurleyanem welin kate solar yaly gurleman otursan kem dal yaly bolup dur
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.