Guş aňrysy-bärisi görünmeýän çöllükde, gury agajyň şahalarynda höwürtge gurnupdyr. Ol şol höwürtgede ýelden-günden goranar eken.
Emma günlerde bir gün güýçli harasat gopup, ol agajyň köki bilen düňderip taşlapdyr. Görgüli guşjagaz höwürtge gurnar ýaly amatly ýeriň gözleginde ençeme menzil uçmaly bolupdyr. Näçe kyn hem bolsa, ol uçmagyny dowam edipdir. Ahyry ol gülleriniň, miweleriniň ysy burk urýan, lummurdap akýan çeşmeli baglyk meýdana ýetipdir.
Eger şol öňki gury agajy harasatda ýykylmadyk bolsa, öwrenişen höwürtgesini taşlamaga bu guşy hiç bir güýç mejbur edip biljek däl eken...