timm
02.11.2023 22:11

15-16 ýaşlaryndaky ýetginjek awtobusa münüpdir. Awtobusda hiç kimiň ýoklugyny gören oglan begenipdir. Islän ýeriňde oturybermeli!

Ol penjiräniň öňüne geçip, jaýlaşykly oturypdyr. Sebäbi onuň barmaly ýeri ahyrky duralga eken. 10-15 minutdan soň awtobusyň içi ýolagçylardan dolupdyr. Oglan bolsa töweregi synlap, saz diňläp oturan eken. Birden orta ýaşdan agan zenanlaryň biri onuň egnine kakypdyr-da şeýle diýipdir:


— Utanaňokmy beýdip oýkanjyrap oturmaga, ejeň ýaly adamlar-a aýak üstünde dik dur. Biz seniň ýaşyňdakak özümizden ululara ýer bererdik.

Onuň bu sözlerini ikinji biri alyp göteripdir:

— Göwräňden utan, sagat halyňa otyrsyň, keselbent garry ene-de aýak üstünde dur!

Sähel salymyň içinde ýigide nägilelik bilen, ýazgaryjy sözleri aýdanlar has-da köpelipdir.

Oglan ýagdaýa çydap bilmän, ahyry şeýle diýipdir:

— Bolýar, men häzir turmakçy, ýöne, goý, bu ýerde maňa aýdan sözleri zerarly ýüzi gyzarmajak kişi otursyn.

Onuň bu sözleri ýolagçylary oýlanmaga mejbur edipdir. Oglan tagaşyksyzlyk bilen oturgyjyň astyndan nämedir bir zatlary almak üçin egilipdir. Ine-de, ol pişeginiň bir taýyny, soňra beýleki taýyny çykarypdyr. Soňra ol pişegine daýanyp, zoraýakdan dikelipdir.

Töweregindäkiler aňk-taňk bolupdyrlar. Hiç kim bu oglan beýle ýagdaýdadyr öýdüp pikir etmändir eken... Gaharlanyp ýolboýy ýetginjegiň aýagyna basan daýza bolsa, bu ýagdaýa oglanyň näme üçin asla üns hem bermänligine indi düşünipdir. Ahyrky duralga çenli awtobusdakylar dymyp gidipdirler. Oglan, kyn hem bolsa, pişegine daýanyp dik durup gidipdir. Belli bir derejede penjiräniň öňündäki kürsiniň ahyrky duralga çenli boş galanlygy hem oňa gurbat beren bolsa gerek.

67
950
Miss_Minnosh❤️
3 Noýabr 2023
👍🏻
sazsoft
3 Noýabr 2023
@seneca, Şonuň üçinem şu temada, şu ýerde söhbetimizi soňlaýarys. Sag boluň!
sazsoft
3 Noýabr 2023
@seneca, Şunlukda, entegem düşünişmedikmi?! 🤔 Hawa, dogry aýdýaňyz, ýazmak kyn düşýär. Emma, ýok, maňa olar gyzykly däl, bular ýaly jedellere wagtymy sarp etsem, onda jemgyýetimize, halkymyza, dilimize... peýda getirjek birnäçe işlerimi soňa goýmaly bolýaryn. Men muny edip biljek däl...
seneca
3 Noýabr 2023
@sazsoft, Borda, häzir düşündirjek bolsam örän köp ýazmaly bolaryn, gowsy edil şuwagt goýaly, eger çyndanam bilesiň gelýän bolsa bir gün başga (şu tema degişli) makalada düşünişeris, bolarmy?!
sazsoft
3 Noýabr 2023
@seneca, Bäh. 🤦🏻‍♂️ Etika bilen, medeniýet bilen, adamkärçilik bilen statistikanyň näme dahyly bar? Ýa siz her gün statistika seredip, şoňa görä (eger hemme adam şony eden bolsa) naharlanyp, statistika görä geýinýärsiňizmi? Belki, ol edaralardan hat almak üçin para-peşgeş hem bermelidir, şeýlemi? :)))
seneca
3 Noýabr 2023
@Relax, Düşündim, menem "bäh bu ýerde gözegçilik ýok, herkim islänini diýip ýör" diýip pikir edýärdim, minnetdar!
Relax
3 Noýabr 2023
@seneca, dogry ýöne her hili düşje bolup bilýär şonuñ üçin ýagdaýa görä ýazaý ,üç nokada basyp şikaýatdan ýazsañ göni maña barýandyr arkayyn yazyp bilersiñ şo ýerden
sazsoft
3 Noýabr 2023
@sazsoft, *kesgitlemesini
seneca
3 Noýabr 2023
@sazsoft, Gaty gowy edýäňiz, men "berme" diýemok ahyryn, emma jemgyýetde, hukuk taýdan we şahsyýet taýdan herkim deň diýjek bolýaryn.
sazsoft
3 Noýabr 2023
@seneca, Men siziň öňräkki bir pikiriňizi goldaýaryn, ""Okamaly" diýip aýtmaly däl-de, okamaly" diýeniňizi. Şonuň ýaly, menem her bir sözüň, meselem, "adamkärçilik" (gumanizm) sözüniň kesgitlemegine öwrenip ýöremok-da, sagdyn bolsun, ýarawsyz bolsun, uly adama, zenan maşgala ýer berýärin.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.