Aşa gussam üçin bagyşlaň meni
Gepe düşmez keçjallygym bagyşlaň
Dünýäň agramyny ýük edip ýören
Ýüregimi şatlyk bilen taraşlaň
Geçen ýollam çagşadypdyr köwşümi
Soňky pulum täzesine harçladym
Ýürek gysýar, emma welin, bu gezek
Gaýgy-gamyň gapysyny açmadym
Bagy seýrekleşen tokaýlygyma
Ýagyş bolup iniň, Gün deý nur saçyň
Men ýene öreýin bägüller bilen
Özge el degmänkä ýarymyň saçyn
Wysally dünýäde müňlerçe gezek
Başaryp bor bagtly pillä ýetmegi
Kalbyma teselli duýgular üçin
Aşa gussam üçin bagyşlaň meni !
Isa Hojamerdanow