kays
02.11.2023 08:43

Geň zat, adam bütin ömrüniň dowamynda duşjagy-duşmajagy näbelli bagtyna, ajaýyp, şatlykly pursatlara umyt baglap ýaşaýar. Bu baradaky süýji arzuwlar, niýetler – onuň hemişelik hemrasy. Geň ýeri, ol özi bilen mydama gapdallaşyp ýören hakykat barada – ölüm hakynda weli, kän pikirem edesi gelenok...


***

Çagakak ejem aýagyna çykarardy. Şonda diwardan-beýlekiden ýapyşsak, derrew bilerdi. „Agramyň ýeňleýär“ diýerdi. Şonuň ýaly, durmuşda hem oňa-muňa arka direlip gazanylan şöhradyň hem agramy-da, ömri-de hemişe ýeňil bolýar.


***

Höwessiz okuw okajak bolmagy pulsuz bazara aýlanan bilen deň görýärin.


***

Häzir elimde bozguç bar. Garagol çagalar oňa galam bilen bir zatlary çyzyşdyrypdyrlar. Bozguç aslynda, tegmilleri bozmak üçin. Ýöne şol hem özüne düşen tegmili aýryp bilenok-da. Biz hem özgäniň kemini görmäge-de, öwüt bermäge-de ökde. Ýöne öz kalbymyzdaky tegmillere gezek gelende welin...


***

AT. Bu sözi pygly düzüwler-ä behişti bedew manysynda okar. Atarman-çaparmanlaryň bolsa, kimdir birini atmalydyr öýdüp, ýaraga ýapyşaýmagy biçem däl. Bu söze nämedir bir zadyň ady hökmünde garajaklaram bardyr. Durmuş hem şol söze meňzeş. Oňa nähili düşünje, nähili päl bilen garasaň. Ol şoňa görä...


***

Her bir ýalpyldan zat altyn däldir,

Her bir söýýän diýýän bagtyň däldir.


***

Seniň ajaýyp diýip ykrar eden zatlaryňa göwünleri ýetmän, düşündiriş beriberseler, hiç darykmaň. Gözelligiň manysyna düşünmeýän gyzlar reňk-beýleki çalynyp, hatda Hudaýyň sungatyny hem «işleýärler» ahyry.


***

Birbada hemmäniň göwnüni awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.


***

Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdyr.


***

Aladalar owunjak bolup biler, ýöne hiç haçan oýunjak bolup bilmez.


***

Sen näçe sypaýysyrasaň hem, sözüňi kesä çekjek, ondan kem tapjak bardyr. Süýji üzümdenem ajy çakyr ýasaýarlar ahyry!


***

Kä wagt geçmişimi biriniň eline tutduryp, edil bäş minutdan gelýän diýip gaçyp gidesim gelýär.....

31
83
gulshatayewa97
2 Noýabr 2023
Suratdaky söz 👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.