altyyeva
02.11.2023 08:02

Göräýmäge üýtgän zat ýok ýaly şol öňki men şol öňki güýz. Ýöne kän zat üýtgedi. Özüme bolan ynamymdan ýaňa ýöreýşimden başlap keşbime bagtdan gülýän gözlerimiň garaçygyna çenli üýtgändigini duýýardym. Sebäbi indi durmuşa bakanymda diňe gözellik bilen bagtyýarlygy görýän.

Talyplygymyzy bildirip duran gyzyl köýnekdir iki örüm saçymyza awtobusa münenimizde höwesli bakýan dideler gelnejeleriň pyşyrdap "Biziň çagalarymyzada ýetirsin talyp bolmagy" diýen sözleri her gün okuw jaýyňa höwes bilen gelmäge kitap gatlaryna depderdäki nagyşlap ýazylan hatlara höweli bakmaga ruhlandyrýar.

Güýzüň hoştap howasy bilen garylyp ruhuňa ýeňillik berýän bu duýgular diňe talyplyga mahsus ahbetin. Kän kişileriň nesibesine ýazylan bu bagtlylykdan paýlydygyma bolan buýsanjym bolsa diňe maňa däl tutuş mähribanlaryma maşgalama hem degişli.

Özüme bolan ynamdan üýtgän ýöreýşimde ýa egnime tikilen bägül reňk köýnekde däl bu günleriň üýtgeşikligi dünýägaraýşymyzyň giňelýändiginde. Okaýan kitaplarymyzyň gatlarynda gizlenen hikmetlerde. Mugallymlaryň bize siňdirýän yhlasynda.

Üýtgeşik günleriň bagrynda ajaýyp duýgular bilen säherleriň haýryny ak binalarda paýlaşmak bize her gün nesip etsin.

14
34
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.